Düýp sogan

2 Maý 2021
1471

Biziň ýurdumyzda, esasan, düýp soganyň ajy, ajymtyk we ajy däl görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Soganyň bu görnüşleri iki ýylda ösdürilip ýetişdirilýär. Sogan birinji ýyl düýp berip, ikinji ýyl gülläp, tohum berýär.

Sogan sowuga çydamly ösümlikdir. Soganyň tohumlary +3, +5 dereje ýylylykda gögerip başlaýar. Ýapraklaryň ösmegi üçin +12, +25 dereje, düýbüniň emele gelmegi üçin +20, +30 dereje ýylylyk amatlydyr. Ondan ýokary ýylylykda soganyň düýbi ownuk bolýar. Soganyň tohumdan gögerip çykan ösüntgileri –2, – 3 dereje sowuk howa çydap bilýärler.

Mäh­ri­je­mal AL­LA­MY­RA­DO­WA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.