"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Iň uly kömelek

Gelin kömelekler maşgalasyna degişli bolan ala-mula saýawan kömelegi (latynça Macrolepiota procera) Ýer ýüzünde iň uly kömelek hasaplanylýar. Iýmäge ýaramly bolan bu kömelek Italiýada «Deprek taýajyklary» diýlip atlandyrylsa, beýleki köp döwletlerde «Şa gelin kömelegi», «Beýik saýawan kömelegi», «Uly saýawan kömelegi» atlary bilen bellidir. Ala-mula saýawan kömeleginiň telpeginiň diametri 15 — 30, kähalatlarda 40 santimetre çenli ýetýär. Telpejik ilkibaşda ýumurtga şekilli bolup, ösüşiniň soňky döwürlerinde saýawan şekilini alýar. Ol agymtyl-çal, goňur reňkli bolup, daşy hem goňur reňkli gowlardan ybaratdyr. Bu kömelegiň eti galyň, ýumşak hem-de ak reňkli, tagamy we ysy bolsa örän ýakymlydyr. Spora dänejikleri ak reňkli. Ala-mula saýawan kömeleginiň aýajyklary silindr şekilli bolup, düýbüne ýetdigiçe ýogyndyr. Aýajyklarynyň diametri 3 santimetre, beýikligi 30 santimetre çenli ösmäge ukyplydyr. Emma bu kömelegiň boýunyň 30 santimetrden has uzyn ýagdaýlaryna duş gelnendigi barada hem internet çeşmelerinde maglumat berilýär. Iň uly kömelek iýul aýyndan tä gyşyň ortalaryna çenli tokaýlarda, ýollaryň gyralarynda, çemenliklerde, öri meýdanlarynda, baglarda ösýär. Amatly şertlerde, ýagny ösümlik örtügi gür hem-de ösgün bolan ýerlerde has uly göwrüme eýe bolmaga ukyplydyr. Bu kömelek Ýer ýüzünde Antarktida we Awstraliýa ýerlerinden beýleki ähli ýerlerde duş gelýär.

Gyş täsinlikleri

Alymlaryň köpýyllyk derňewleriniň netijesinde tebigatda düýbünden birmeňzeş gar tozgajyklarynyň bolmaýandygy anyklandy. 1944-nji ýylyň 30-njy aprelinde Moskwada iň täsin galdyryjy gar ýagypdyr. Ol gar tozgajyklarynyň ululygy adamyň eliniň aýasyna barabar eken.

Limon hakynda

Dünýädäki iň agyr limon 2003-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Ysraýylyň Kefar Zeitm fermasynda ösdürilip ýetişdirilendir. Bu miwäniň agramy 5 kilogram 265 gram diýip hasaba alyndy. Fransiýanyň Riwer şäheriniň Menton şäherçesinde her ýylyň fewral we mart aýlarynda limon baýramy bellenip geçilýär.

Köp girdejili fermer

«Fermer» diýlende, wagtynyň köp bölegini maldarçylyk toplumynda ýa-da ekin meýdanlarynda geçirip, amatsyz howa şertlerine garamazdan, ýerden bol hasyl almagyň aladasy bilen ýaşaýan adaty daýhan göz öňüňize gelýändir. Ýöne bu häzirki döwürde edil beýle-de däl. Oba hojalygyna ylmy-tehnologiýanyň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy bilen, işewürlik hem-de telekeçilik ulgamynda daýhan hojalyklarynyň döwrebap ösmegine hem oňyn şertler döredildi. Şolaryň arasynda oba hojalyk işlerinden iň köp girdeji gazanýan hytaýly fermer Lýu Ýunsin hasaplanylýar. Ol öz doganlary bilen 1982-nji ýylda bedeneleri ösdürip ýetişdirmek boýunça «Hope Group» atly kiçijik fermany döredip, 1986-njy ýylda maldarçylykda ulanylýan ot-iýmlere gözegçilik merkezini esaslandyrýar. Geçen asyryň togsanynjy ýyllarynda Lýu Ýunsin we onuň doganlary özbaşdak kompaniýalara eýe bolýarlar. Lýu Ýunsin oba hojalyk pudagyndaky işlerini dowam etdirip, maldarlar üçin ot-iýmleri taýýarlamak, dürli görnüşli maldarçylyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýar. Şeýlelikde, ol dünýäde agrosenagat ulgamynda iň köp girdeji gazanýan we hasabynda 6,6 milliard dollary bolan fermerleriň biri hasaplanylýar.

Gadyrly okyjylar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe neşir edilýän «Bereketli toprak» hepdelik gazetiniň çap görnüşine 2022-nji ýylyň birinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini habar berýäris. Redaksiýanyň agzybir işgärleri hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwletli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda gazanylýan üstünlikleri, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanyşy, obalardyr etraplaryň abadanlaşdyrylyşy baradaky täsirli makalalary, habarlary we suratlary gyzgyny bilen okyjylara ýetirmäge çalyşýarlar. «Bereketli toprak» gazeti siziň ýakyn maslahatçyňyzdyr. Onuň bilen her hepdede duşuşmak üçin gazetiň abunaçysy boluň! Gazetiň abuna ýazylyşygynyň indeksi — 69508. Gazetiň ýarym ýyllygynyň bahasy 7 manat 80 teňňe. Abuna ýazylyşyk «Türkmenpoçtanyň» ýerlerdäki kärhanalarynda geçirilýär.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 26-na bolmagyna garaşylýan

 HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup,  gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Obasenagat toplumynyň ägirt uly mümkinçilikleri

17-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew dagy çykyş edip, sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça amala aşyrylýan agrotehniki çäreler, ekerançylyk ýerleriniň, degişli tehnikalaryň we gurallaryň ýazky gowaça ekişine taýýarlanylyşy, 2022-nji ýylda Türkmenistan boýunça ýazlyk hem-de güýzlük ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekilmeli meýdanlary hem-de öndürilmeli önümleriň möçberleri barada hasabat berdiler.

Döwlet ýer kadastry — sanly maglumatlar ulgamyny döretmek

Hormatly Prezidentimiziň geçirýän oba hojalyk özgertmeleri ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmakdan, importyň ornuny tutýan ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmekden, önüm öndürijileri ykdysady we maliýe taýdan goldamakdan, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri döretmekden ybaratdyr. Munuň şeýle bolmagy üçin ýurdumyzyň milli kanunçylygy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Golaýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe kanunçylyk namalary kabul edildi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny ösdürmäge hem-de daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe resminamalar bar.

Saglygymyzy goralyň!

Aralygy saklaň! Köpçülik ýerlerinde adamlar bilen 2 metr aralygy saklaň! Şol aralygy saklamak bilen, tutuş adamzada sagdyn geljegi bagyşlaýandygyňyzy ýatdan çykarmaň!

Kesbinden kemal tapan balykçy

Hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary ýürekdeş söhbetleri, ýakymly pursatlary bilen ýatda galdy. Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz balykçylyk hünäriniň aýratynlyklary, ýerli balykçylaryň iş we durmuş şertleri bilen gyzyklanyp, Hazaryň balyk tutulýan çägine baryp gördi, Esenguly etrabynyň Gögerendag obasynyň ýaşaýjysy, balykçy Nurmämmet Meretgylyjow bilen söhbetdeş boldy. Biz hem şatlygyny paýlaşmak maksady bilen, kesbinden kemal tapan balykçy Nurmämmet Meretgylyjowa jaň etdik. Gadyrly salamlaşyp, jaňy alan Nurmämmediň iş üstündedigini soraman biläýmelidi. Çünki söhbetdeşimiziň gürrüňlerine goşulyp, onuň balykçy ýoldaşlarynyň, çyrpynýan deňiz tolkunlarynyň, çarlaklaryň sesleri hem eşidilýärdi...

Gyş paslynda mallary iýmitlendirmekde buýan köküniň ähmiýeti

Gyş paslynda mallary ylmy esasda iýmitlendirmek, zerur mukdarda ýokumly maddalar bilen üpjün etmek olardan ýokary önüm almagyň özenidir. Ýurdumyzyň tebigy-howa şertlerini göz öňünde tutup, gyş üçin mallara gerekli ot-iýmleri taýýarlamaly. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomly ylmy-ensiklopedik kitabynda buýanyň dermanlyk häsiýetleri, aýratynlyklary, onuň kökünden dermanlyk serişdelerini taýýarlamagyň, ulanmagyň ugurlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Garly gije — bagta bije (Oýlanma)

Säher turup, penjireden daşaryk seredenimde, akja garyň towlam-towlam bolup tozgalaýan bölejikleriniň galňamasy ýeriň ýüzüni agardýardy, käbiri bolsa emaý bilen penjiräniň ýüzüne ýapyşyp galyp, ak perde kimin örtülýärdi. «Ak zat – alnyňa ýagşy». Pederlerimiziň aýdyp gitmedik zady ýok. Akja gara syn etdigiňçe, tutuş Zemin päklige, arassalyga öwrülip, kalbyňy ak arzuwlar, niýetler gurşaýar. Owadan jahanyň gyş howasyndan ganyp, doýup bolanok. Töwerek-daşyňa bir ser salsana! Ýapraklary güýzde galan daragtlaryň başlary, leýlisaçlaryň zülpi-tarlary garyň agramyna aşak eglipdir, ho-ol ilerden seleňläp görünýän Köpetdagyň elýetmez geriş-geriş belent gaýalaryndaky akja gar töwerek-daşa altyn Güneşiň nurly kuýaşy kimin ýalkym saçýar. Bu gözel pursat durmuşyň, gözel tebigatyň ajaýyplygyny ýüregiňe, ömür sahypalaryňa ýazýar. Gyş gaşyny çytyp duran hyrsyz ýaly agrasdan aňzakly bolsa-da, özüne görä lezzetli. Sowuk bolsa-da, ak gara, gyşa bolan mähriň seni ýyladýar, bir salymlygam bolsa, päklik dünýäsine gark bolanyňy duýman galýarsyň. Akja gar, ajaýyplyk süňňüňi ýeňledýär, ruhuňa ruh goşýar. Ýagşy ýatlamalara alyp gidýär.

Mirasa sarpa bar, zähmete hormat

Toýlary toýa beslenip, baýramlary ajaýyp zähmet ýeňişleri bilen sazlaşyp, uly üstünliklere eýe bolup gelýän ýurdumyzda bagtdan paýly, sylagdan serpaýly türkmen halkymyz Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ruhubelentlikde, täze, 2022-nji, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny şatlykly, şowhunly dabara bilen garşy aldy. Gojaman taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan 2021-nji ýyl türkmen halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak buýsançly, taryhy wakalara juda baý ýyllaryň biri boldy. Aziýanyň merjeni, mermer paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk şöhratly senesi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý baýramy, parahatçylygyň we hoşniýetliligiň baýramy, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllyk toýy, şeýle-de «12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni» milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda öndürijilikli işleýän agzybir raýatlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň gazanylmagy bilen utgaşyp, giň gerimde bellenilip geçildi. Ýurdumyzyň paýtagty, ak mermerli şäherimiz Aşgabatda we welaýatlarymyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýyş-durmuş maksatly döwrebap jaýlar, orta mekdepler, çagalar baglary, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, iri önümçilik desgalar, kärhanalar, döwrebap dokma toplumlary, ýyladyşhanalar we başga-da birnäçe önümçilik maksatly desgalar gurlup, halkymyza ulanylmaga berildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk söwda we dynç alyş, işewürlik merkezin

Bag — sag­dyn­ly­ga he­ma­ýat

Türkmen topragynyň sahawatynyň hözirini görüp ýaşap, ata Watanymyzyň gün-günden gözelleşýän keşbini görmek, synlamak, gör, nähili ýakymly! Biz häzirki bagtyýar günlerimizde dogduk mekanymyzyň goýnunda baý hem keremli tebigatymyzdan uly güýç, ruhubelentlik alyp ýaşaýarys. Daş-töweregimiziň tebigatynyň bagy-bossanlyga öwrülmegi biziň her birimize güýç-gurbat berýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigy baýlyklary goramak, daşky gurşawyň arassalygyny gazanmak, ekologiýa abadançylygyny kämilleşdirmek ugrunda juda uly işler durmuşa geçirilýär.

Watana buýsanç

Gözel ülkäm meňzäp barýar uçmaha,Öňki gören ýaýlaň indi gülzarlyk,Göwnüň galkyp, hyýallanýar uçmaga,Öňki gursak edýär ýürege darlyk. Belent binalaryň artýar hatary,Depesi gupbaly, egni mermerli.Juda gözelleşýär Watan didary,Köşgi-eýwanlary altynly-zerli.

Ösümlikleriň hikmetli dünýäsi

Ösümlikleriň öýüň howasyny we ruhuny ýaramaz täsirlerden goramak, maşgalada sazlaşygy döretmek ýaly ukyplary barada birnäçe delillerdir subutnamalara esaslanýan täsin maglumatlara duş gelmek bolýar. Bu barada yrymdyr ynançlar hem bar. Pul agajy

Kül döküne öwrüler

Orta Aziýanyň alymlary amerikan kärdeşleri bilen bilelikde külden organiki dökün almagy meýilleşdirýärler. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin «Sugarfed Haryana» kompaniýasy tarapyndan 75 million rupiýa (takmynan, 1 million dollar) serişdesi berler. Eger bu iş üstünlikli amala aşyrylsa, «Sugarfed Haryana» külden daýhanlar üçin düzüminde ýokary derejeli fosfor we kaliý bolan organiki döküni öndürip biler.

Kompaniýalar birleşdi

Rumyniýanyň «RDF Arad» kompaniýasy mineral dökünleri öndüriji «Adidananyň» paýnamalarynyň ählisini satyn aldy. Şeýlelikde, «RDF Arad» kompaniýasy öndürijiligini iki esse artdyrmak we Rumyniýanyň oba hojalyk bazarynda esasy orny eýelemek isleýär. Heniz ylalaşygyň doly bahasy aýan edilmedi. Bu barada «RDF Aradyň» baş direktory Florin Deznan: «Geljekde oba hojalyk pudagy boýunça hyzmatlarymyzy has-da giňeltmek isleýäris» diýip, metbugatda çykyş etdi.

Täze sensor 100 esse güýçli

«Graced» taslamasyndan (Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär) peýdalanýan alymlar bakteriýalary çalt kesgitleýän täze sensorly enjamy döretdiler. Ol geljekde örän ýokary tizlik bilen işläp, azyk howpsuzlygyny ep-esli ýokarlandyryp biler. «Plazmofoton bimodal multiplikasiýa sensory» diýlip atlandyrylýan täze enjam bakteriýalary ýüze çykarmak üçin lazer şöhlesini ulanýar hem-de marker hökmünde himiki serişdeleri ýa-da boýaglary talap etmeýär. Sensordan geçýän nusga lazer şöhlesiniň tizliginiň üýtgemegine sebäp bolýar, şeýlelik bilen, çykyşdaky päsgelçilik nagşyny üýtgedýär. Şondan soň, sensoryň üstündäki reseptorlar zyýanly himiki serişdeleri ýa-da bakteriýalary tapyp bilýär. Döredijileriň pikiriçe, täze enjam 30 minutyň içinde ýedi barlagy bir wagtda geçirip, çalt netije çykaryp bilýär.

Gün elektrik bekedi gurlar

Awstraliýanyň «Harvest Minerals» kompaniýasy «Arapua» taslamasy üçin (Braziliýa) magdan gazyp almaga niýetlenen Gün elektrik bekedini gurýar. Täze beket modully dizaýna eýe bolar we magdan çykdajylaryny 8 göterim azaldar. Onuň kuwwaty, takmynan, 277 kWt bolar.