Kesbinden kemal tapan balykçy

18 Ýanwar 2022
841

Hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary ýürekdeş söhbetleri, ýakymly pursatlary bilen ýatda galdy. Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz balykçylyk hünäriniň aýratynlyklary, ýerli balykçylaryň iş we durmuş şertleri bilen gyzyklanyp, Hazaryň balyk tutulýan çägine baryp gördi, Esenguly etrabynyň Gögerendag obasynyň ýaşaýjysy, balykçy Nurmämmet Meretgylyjow bilen söhbetdeş boldy. Biz hem şatlygyny paýlaşmak maksady bilen, kesbinden kemal tapan balykçy Nurmämmet Meretgylyjowa jaň etdik.

Gadyrly salamlaşyp, jaňy alan Nurmämmediň iş üstündedigini soraman biläýmelidi. Çünki söhbetdeşimiziň gürrüňlerine goşulyp, onuň balykçy ýoldaşlarynyň, çyrpynýan deňiz tolkunlarynyň, çarlaklaryň sesleri hem eşidilýärdi...

Söhbetdeş bolan Bägül AŞYROWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.