Köp girdejili fermer

25 Ýanwar 2022
900

«Fermer» diýlende, wagtynyň köp bölegini maldarçylyk toplumynda ýa-da ekin meýdanlarynda geçirip, amatsyz howa şertlerine garamazdan, ýerden bol hasyl almagyň aladasy bilen ýaşaýan adaty daýhan göz öňüňize gelýändir. Ýöne bu häzirki döwürde edil beýle-de däl. Oba hojalygyna ylmy-tehnologiýanyň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy bilen, işewürlik hem-de telekeçilik ulgamynda daýhan hojalyklarynyň döwrebap ösmegine hem oňyn şertler döredildi. Şolaryň arasynda oba hojalyk işlerinden iň köp girdeji gazanýan hytaýly fermer Lýu Ýunsin hasaplanylýar. Ol öz doganlary bilen 1982-nji ýylda bedeneleri ösdürip ýetişdirmek boýunça «Hope Group» atly kiçijik fermany döredip, 1986-njy ýylda maldarçylykda ulanylýan ot-iýmlere gözegçilik merkezini esaslandyrýar.

Geçen asyryň togsanynjy ýyllarynda Lýu Ýunsin we onuň doganlary özbaşdak kompaniýalara eýe bolýarlar. Lýu Ýunsin oba hojalyk pudagyndaky işlerini dowam etdirip, maldarlar üçin ot-iýmleri taýýarlamak, dürli görnüşli maldarçylyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýar. Şeýlelikde, ol dünýäde agrosenagat ulgamynda iň köp girdeji gazanýan we hasabynda 6,6 milliard dollary bolan fermerleriň biri hasaplanylýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Jeýhun BAÝJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.