"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ýol bolsun, mähriban ildeşler!

Ata-babalarymyz ýol gurmagy, bina galdyrmagy, guýy gazyp, içimlik suwuň bolçulygyny döretmegi durmuş zerurlyklary hasaplamak bilen bir hatarda, olara sogaply işler hökmünde garapdyrlar. Bu ýol babatynda has-da aýdyň hakykata öwrülýär. Çünki ýola çykýan her bir ýolagça ak ýol arzuw edilýär. Şoňa görä-de, islendik adamyň ak arzuwyna ýetmeginde çar tarapa uzaýan ýollaryň aýratyn orny bar. Diýmek, ýollar biziň ykbalymyz bilen aýrylmaz baglanyşykly. Her gün okuwa, işe ýa-da baýramçylyk günlerinde ýakynlarymyza görme-görşe, gezelenje gitjek bolsagam, hökman ak ýollaryň hem-de ýolagçy gatnadýan jemgyýetçilik ulaglarynyň hyzmatyndan peýdalanýarys. Biziň ýurdumyzda jemgyýetçilik ulaglarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak her birimiz üçin elýeterli. Üstesine-de, şol jemgyýetçilik awtobuslary ýokary rahatlylygy, arassalygy bilen islendik ýolagçynyň bellenilen nokadyna çenli arkaýyn barmagyna mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda ýolagçy gatnadýan şäherara we şäheriçi gatnawly jemgyýetçilik ulaglarynyň üsti daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ulag kompaniýalarynyň öndüren täze, döwrebap ulaglary bilen tapgyrlaýyn doldurylyp durulýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň durmuş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Ynha, 2022-nji — Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanyndaky hoş habar ildeşlerimiziň her biriniň köňlüne ganat bagladyp, halkymyzyň baýramçyl

«Sahawatly söwda»: 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladyş!

Täze ýyl baýramy mynasybetli 2021-nji ýylyň 25-nji dekabryndan geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli «Sahawatly söwda» atly dürli görnüşli harytlaryň 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladyş çäresi guralýar. Paýtagtymyzda:

Ömür örkümiz bu mukaddes toprakdyr

Diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, ykbalyny türkmen topragyna baglan doganlyk halklaryň wekilleriniň hem bagtyýar zamanada ýaşap, zähmet çekýändikleri hakynda oýlara berlip otyrkam, redaksiýanyň gapysy kakyldy. Gapydan içerik giren ýakasy nagyşly, uzyn köýnekli gyz: — Salam halypa — diýip, edep bilen salam berdi.

Halkymyzyň ýürek sesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan ata Watanymyz, türkmen halky, türkmen topragy» diýen sözler Ýer ýüzüne ýaýrap, ol dünýä halklarynyň ýüreginde parahatçylyk söýüji we dost-doganlyga gol berýän ajaýyp düşünje hökmünde özüni görkezýär. Eziz Diýarymyzyň ady tutulanda, umumadamzat ýaşaýşynyň ebedi asudalygyny, dünýä döwletleriniň jebisligini we şol jebislik bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda ähli halklaryň eşretli, abadan durmuşyny üpjün etmegi gazanmagy baş maksat edinýän döwlet göz öňüne gelýär. Türkmen halkynyň geçmiş taryhyna nazar aýlanymyzda, dünýäde ençeme kuwwatly döwletleri guran ata-babalarymyz ýeňşiň adalatdadygyna, durmuşyň ähli üstünliginiň halal, ynsaply ýaşamakdadygyna pugta ynanypdyrlar. Şol ynamy hem nesilleriň aňyna ornaşdyryp, asyrma asyr biziň şu günlerimize çenli getiripdirler. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, agzybir halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly özgerişler bolup geçdi, döwrebap jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi.

Ak bazarlarymyz bereketden doly

Ol gün hem adatdakylar ýaly iş günüdi. Redaksiýada her kim özüne tabşyrylan işe gümrady. Birdenkä-de, Täzegül kärdeş gelnejesi Laçyna nazar aýlap, söze başlady: — Gelneje, saňa iş kän tabşyryldymy?! Bir hili, sen hemişekiler ýaly, degşip-gülşeňok-la?! Bir zatlaryň-a pikirini edýäň öýdýän?!

Täze ýylda saçaklarymyz bol bolsun! Dilde arzuw, göwünlerde gül bolsun!

Täze ýyl baýramçylygy diýilse, şolbada göz öňüňde dürli oýunjaklardyr reňbe-reň zerler bilen bezelen bezemen arça janlanýar. Onuň yzysüre bolsa, bezegi arçanyňkydan ýokary bolmasa, pes bolmadyk Täze ýyl saçagy... Heniz çaga wagtlarymyz apelsin, mandarin ýaly tropik miweler diňe Täze ýyl saçagynda goýulýandyr diýip pikir ederdik. Şonuň üçinem her Täze ýyl baýramçylygynda ejemiziň bezeýän saçagynda köpden-köp del miweleri goýmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşardyk. Aý aýlanyp, ýyllaryň geçmegi bilen özümize-de eje bolmak nesibesi çekdi. Indi birnäçe ýyldan bäri Täze ýylyň baýramçylyk saçagyny bezemek öz paýymyza düşýär. Sözümi lap edip aýtdygym däl, dogrusy, Täze ýyl gijesi baýramçylyk saçagyny iki gezek täzeleseňem, saçaga sygman galýan zatlar az bolanok. Bu buýsandyryjy ýagdaý gönüden-göni daýhanlarymyzyň joşgunly hereketinden, ýylba-ýyldan bol hasyl berýän topragymyzyň berekedinden nyşan. Biri-birinden parhly ýyllaryň bizi özgerdişi ýaly, her ýylky Täze ýyl saçagynyň bezegem barha özgerip gitdi. Bizi çagalyk ýyllarymyzdaky ýetip gelen Täze ýylyň «ysyny» getirýän apelsindir mandarinleriň daşyndan banan, kiwi, limon... ýaly tropik miweleri indi islän wagtyň, islän söwda merkeziňdendir ak bazaryňdan tapyp bolýar. Bu miweleriň birnäçesiniň indi türkmen telekeçileri tarapyndan ýyladyşhanalarda ösdürilip başlanandygyny we ak bazarlaryň tekjelerinde mynasyp orunlaryny tapyp, azyk

Dünýä ýurtlarynyň Täze ýyl däp-dessurlary

Täze ýyl diýlende, ilki bilen, Aýazbaba, Garpamyk, Täze ýyl arçasy, baýramçylyk, bezelen saçak, dynç alyş we beýlekiler ýadymyza düşýär. Täze ýyl täze umytlar, täze başlangyçlar, täze dostlar, umuman, durmuşymyzda täze bir sahypanyň açylyşy diýmekdir. Täze ýylda Täze ýyl arçalary bezelýär, dürli naharlardyr süýjülikler taýýarlanylýar, ýetip gelen Täze ýylyň düşümli bolmagy üçin dilegler edilýär. Bu aýdylanlar dünýäniň köp ýurdunda bar we her ýylda amala aşyrylýan däp-dessurlardyr. Muňa garamazdan, dünýäniň her bir ýurdunda Täze ýyl baýramçylygy bir-birinden tapawutly görnüşde bellenilip geçilýär.

Parahatlyk Arkadagyň ýoly

Diýýär milli Liderimiz —Ýaşasyn, parahat durmuş!Dünýä çekip dostluk bagyn,Asudalyk ýolun gurmuş. Hoş niýetlerden nurlanýan,Ol ýol baky bagtyň ýoly.Müňýyllyklara uzajak,Hiç soňlanmaz wagtyň ýoly.

Sözle, Pyragy!

Köpetdagyň eteginde daglaryň iň belent gerşine çalymdaş şygyrlary bilen dünýäni haýran eden söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli onuň heýkeliniň gurulmagy dana atamyza bolan hormatyň bimöçberdiginden habar berýär. Bu bolsa Magtymgulynyň keşbi bilen birlikde daglary has howalandyrjakdygyna gurluşygyň şu günki ýagdaýyndan hem göz ýetirmek bolar. Asly Gerkez, ili gökleň Magtymguly Pyragy akyl çeşmesi bolup, ol her bir sözi maňlaýyňa sylynýan söz ussadydyr. Söz ussadynyň akyl-paýhasy, pähim-parasady siňdirilen şygyrlary her bir ynsanyň ýankitaby, hemdemi bolup hyzmat edýär.

Saglygymyzy goralyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 27-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -3° sowuk, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Obasenagat toplumy: täzeçil usullar

17-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna, onuň ekilýän meýdanyny azaltmak we ýeralma, gök-bakja ekinleriniň meýdanlaryny hem-de piläniň öndürilýän möçberlerini köpeltmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Älem-jahana nusgalyk türkmen Bitaraplygy

Arş-u-Zemin arasynda ynsanperwer türkmeniň,Heňňam içre, taryh içre mälim gadym halkdygy.Berkararly Watanymda ykrar menim, erk menim,Älem-jahana nusgalyk türkmen Bitaraplygy. Milli Lider paýhasyndan jan Watan öňe barýar,Parahatlyk ýörelgesi bütin dünýä ýaň salýar,Sahy topragyň gül meňzi çar pasylda gülgüzar,Älem-jahana nusgalyk türkmen Bitaraplygy.

Ynam — dostluga, dostluk — ösüşe, ösüş — parahatçylyga ýol açýar

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» kitabynda: «Biziň Bitaraplygymyz ynama esaslanýan dostluga, dostluk arkaly ösüşe, ösüş arkaly parahatçylyga ýol açýar» diýip belleýşi ýaly, döwletimiz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ilkinji günlerinden dünýäniň söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik, ulag-logistika, ynsanperwer-hukuk, medeni-sport we ekologiýa giňişliginde işjeňlik görkezýär. Beýleki döwletler bilen öz gatnaşyklaryny olaryň medeniýetini, däplerini we adatlaryny hormatlamak esasynda guraýan ýurdumyz halklaryň arasynda özara düşünişmegiň çuňlaşdyrylmagyna, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine jogapkärli çemeleşýär. Parasatly pederlerimiziň erk-isleginden kemala gelen asylly ýörelgelerini nusga edinýän mähriban halkymyz özüniň tebigy baýlyklaryny, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitlerine we durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmegine gönükdirýär. Dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen we halkara hukuk kadalarynda bellenilen adam hukuklaryny hem azatlyklaryny ykrar edýän Türkmenistan parahatçylygy dörediji syýasaty bilen ählumumy howpsuzlygyň berkidilmegine saldamly goşant goşýar. Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz Türkmenistan bu gün parahatçylygy, oňşuklylygy döwlet hem-de halkara şygaryna çykaryp, dünýä ýurtlaryny birek-birege hormat goýmaga, özara gatnaşykl

Şygryýet älemi

Köňül buýsanjy Bitaraplyk — bagtymyzyň gözbaşy,Geljege baky dowamatymyzdyr.Bitaraplyk — erkinligiň syrdaşy,Bitaraplyk baky ganatymyzdyr.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ykrarnamasy

Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy halkara giňişliginde türkmen halkynyň özboluşly taryhy aýratynlygyny beýan edýär. Ata-babalarymyzyň geçmişde ýörelge edinen goňşy bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmak, birek-birege kömek bermek, goldamak, howandarlyk etmek ýaly ynsanperwer häsiýetleri bilen şu günki gün Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan türkmen halkynyň dünýäde öz mynasyp ornuny tutýandygy biziň her birimiz üçin buýsançlydyr. Bitaraplyk syýasatynyň öz gözbaşyny halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerinden we ruhy köklerinden alyp gaýdýandygyna taryhyň sahypalary hem şaýatlyk edýär. Häzirki zaman jemgyýetçilik ylymlary türkmen Bitaraplygynyň dünýä nusgalykdygyny ykrar etdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi hem ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň maksatlarynyň goldanmagyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibiniň biragyzdan goldanmagy Türkmenistanyň abraýyny dünýäniň öňünde ýene bir gez beýgeltdi.

Ene topraga sadyk daýhan

Berkarar döwletimiziň baky Bitaraplyk derejesi dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegine giň ýol açdy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny ilkinjileriň hatarynda goldan döwletleriň biri hem goňşy Özbegistan Respublikasydyr. Türkmen we özbek halklary bir kökden gaýdyp, taryhyň dowamynda birek-birege goňşy bolup oturan, garyndaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýan halklardyr. Şonuň üçin häli-häzirlerem Özbegistanda türkmenlere, Türkmenistanda bolsa özbeklere gabat gelmek asylly däbe öwrülen hakykatdyr. Garaşsyz ýurdumyzda özbek milletiniň wekilleriniň uly topary ýaşaýar. Olar özleriniň zähmeti, ukyp-başarnyklary bilen ata Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýarlar. Şeýle ynsanlaryň biri-de, Çärjew etrabynyň «Amyderýa» daýhan birleşiginiň 3-nji kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Kahraman Turdiýewdir.

Taýýarlyk işleri ýokary derejede

Daýhançylyk işlerinde toprakdan bol hasyl öndürmekde oňat netijeleri gazanmak, esasan, kuwwatly tehnikalaryň hem-de oba hojalyk gurallarynyň kömegi arkaly geçirilýän işleriň hiline bagly bolup durýar. Munuň şeýledigine gowy düşünýän Lebap welaýatynyň oba hojalyk işgärleri ýaz ekişinde ulanyljak traktorlaryň hem-de oba hojalyk gurallarynyň abat we aýawly saklanylmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň giň gerimde ýaýbaňlanýan häzirki günlerinde welaýatyň ähli etraplarynda geljek ýylyň ýaz ekişinde işlediljek oba hojalyk gurallaryny doly derejede taýýarlamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu işleriň aýdyň mysalyny welaýatyň oba hojalyk önümçilik birleşiginiň we onuň ýerlerdäki kärhanalarynyň hünärmenleriniň alyp barýan işlerinden hem aýdyň görmek bolýar. Önümçilik birleşiginiň hünärmeni Atamyrat Allakuliýew ekin meýdanlarynda işlediljek oba hojalyk gurallarynyň gözden geçirilişi barada şeýle gürrüň berdi: — Geljek ýylyň ýaz ekişinde welaýatymyz boýunça etraplaryň 10-synda hereket edýän tehniki hyzmat ediş kärhanalaryna degişli bolan gowaçanyň hatararasynyň bejergi işlerini geçirýän tehnikalaryň 1094-si, gowaça tohumyny takyk ekijileriň onlarçasy, mineral dökün berijileriň 366-sy doly abatlanyp, bökdençsiz işlemäge taýýar edildi. Oba hojalyk tehnikalary we gurallary ätiýaçlyk şaýlarynyň ýeterlik mukdary bilen hem üpjün edilýär. Bu işler oýlanyşykly

Täze ýylyň bosagasynda

Her ýylyň dekabr aýynda Täze ýyla golaýlaşdygyňsaýyn her bir öýde, her bir maşgalada özboluşly hysyrdy adatdakylara garanda, artyp başlaýar. Ol taýýarlyk, sabyrsyzlyk bilen garaşmaklyk, esasan, körpeje çagalarda has-da oňat duýulýar. Dekabr aýynyň 31-inden ýanwaryň 1-ne geçilýän gijä hemmeler garaşýan-da bolsa, ol güne çagalaryň has-da takatsyzlyk bilen ýetýändigi hemmä mälim hakykat. Şol gije-de çagalaryň kalbynda ýatdan çykmajak, täsinliklere beslenýän, jadylaýjy pursatlar bolup geçýär. Olar bu gijäniň ýaşajyk kalpda täsir galdyryjy pursatlaryna irräkden taýýarlyk görüp başlaýarlar. Dekabryň gelmegi bilen, öýüň töründe ýaşyl arçanyň bezelmegine-de körpejeler uly höwes bilen, şatlyk-şowhuna besläp gatnaşýarlar. Ýetip gelýän Täze ýyly garşylamagyň esasy nyşany bolan arçany bezeg oýnawaçlary bilen bezänlerinde-de, olaryň aňladýan şekiline özboluşlyja, çaga kalbynda döreýän atlary dakyp, begenip, buýsanyp, eljagazlarynyň ýeten ýerlerinde ýerleşdirjek bolýarlar. Arça bezelende-de, ýetip gelýän Täze ýylyň uly arzuw-hyýallaryň, ýagşy niýetleriň hasyl boljak ýylyna öwrülmegine dileg edilýär.

Täze ekin ekijiler

Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesindäki «Agromaş Stawropolskiý» kompaniýasy «STW-107/1» ekin ekiji täze enjamyň önümçiligini ýola goýdy. Şugundyr ekmäge niýetlenen bu enjam şeker we iýmlik şugundyrlaryň ähli görnüşlerini ekmäge niýetlenendir. Onuň uzynlygy 5,4 metre deň. Täze enjamyň 12 sany tohum guýujy gutusy bolup, olar biri-biri bilen 45 santimetr aralykda ýerleşýär. Şeýle-de, olaryň her birine 14,5 kilogram tohum ýerleşdirip bolýar. Bu ekin ekiji enjamyň umumy agramy 1300 kilograma deň we onuň sagatda 2,2 gektardan 3,2 gektara çenli tohum ekmäge mümkinçiligi bar. Kärhananyň önümçilige goýberen ýene-de bir ekin ekiji enjamy «STWK-16» diýlip atlandyrylýar. Mekgejöwen ekmäge niýetlenen bu enjamyň 11,2 metr aralykda ekin ekmäge mümkinçiligi bar. Ondaky 16 sany tohum guýujynyň aralygy 70 santimetre deň bolup, ol tohumlary 4 – 8 santimetr çuňluga ekmäge ukyply. Täze enjamyň umumy agramy 2500 kilograma barabar.