Täze ýylyň bosagasynda

19 Dekabr 2021
571

Her ýylyň dekabr aýynda Täze ýyla golaýlaşdygyňsaýyn her bir öýde, her bir maşgalada özboluşly hysyrdy adatdakylara garanda, artyp başlaýar. Ol taýýarlyk, sabyrsyzlyk bilen garaşmaklyk, esasan, körpeje çagalarda has-da oňat duýulýar. Dekabr aýynyň 31-inden ýanwaryň 1-ne geçilýän gijä hemmeler garaşýan-da bolsa, ol güne çagalaryň has-da takatsyzlyk bilen ýetýändigi hemmä mälim hakykat. Şol gije-de çagalaryň kalbynda ýatdan çykmajak, täsinliklere beslenýän, jadylaýjy pursatlar bolup geçýär. Olar bu gijäniň ýaşajyk kalpda täsir galdyryjy pursatlaryna irräkden taýýarlyk görüp başlaýarlar.

Dekabryň gelmegi bilen, öýüň töründe ýaşyl arçanyň bezelmegine-de körpejeler uly höwes bilen, şatlyk-şowhuna besläp gatnaşýarlar. Ýetip gelýän Täze ýyly garşylamagyň esasy nyşany bolan arçany bezeg oýnawaçlary bilen bezänlerinde-de, olaryň aňladýan şekiline özboluşlyja, çaga kalbynda döreýän atlary dakyp, begenip, buýsanyp, eljagazlarynyň ýeten ýerlerinde ýerleşdirjek bolýarlar. Arça bezelende-de, ýetip gelýän Täze ýylyň uly arzuw-hyýallaryň, ýagşy niýetleriň hasyl boljak ýylyna öwrülmegine dileg edilýär.

Laçyn SAMMAKOWA,
«Bereketli toprak».