"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Mekgejöwen üçin ilkinji halkara merkez

Hytaý Halk Respublikasynyň Sanýa şäherinde mekgejöwen ösdürip ýetişdirmek boýunça halkara seçgiçilik merkezi dörediler. Ony döretmäge Hytaýyň Oba hojalyk uniwersiteti gatnaşýar. Şeýlelikde, bu merkez mekgejöweniň seçgiçilik işine bagyşlanan dünýädäki ilkinji halkara derejeli merkez bolar. Merkeziň öňünde duran esasy wezipesi Hytaýyň hökümeti tarapyndan goldanylýan «Bir guşaklyk — bir ýol» atly başlangyja laýyklykda, bu ösümligiň oýlanyp tapylan täze görnüşlerini hyzmatdaş döwletler bilen hem paýlaşmakdyr. Şunda täze görnüşleriň ýokary hasyl berijiligine we dürli kesellere garşy durnuklylygyna aýratyn üns berler.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 15-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY  Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň basyşy 712 mm, çyglylygy 50 — 70 %.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna

Eziz watandaşlar! Edermen daýhanlar!

Türki dünýäniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze tapgyry

Hormatly Prezidentimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşdy 12-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Pagtaçy daýhanlarymyzyň zähmet üstünlikleri

«Ak altynyň» 1 million 250 müň tonnadan gowragy Watan harmanyna tabşyryldy 11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Dag deý belentdir bereketli harmanymyz

Düýn berkarar Diýarymyzda milli senenamamyzdan mynasyp orun alan Hasyl toýy ajaýyp döwrümiziň ruhuna laýyk dabaralar bilen bellenildi. Bu baýram ýurdumyzda ýene bir oba hojalyk ýylynyň mynasyp jemlenmesine öwrüldi. Arkadag Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, oba hojalykçylarymyzyň birnäçesiniň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy bolsa, ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy. Eýýäm ýylyň 11-nji aýynyň hem deň ýary yzda galdy. Yza nazar aýlasak, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylyň şan-şöhrata dolan taryhy wakalara, zähmet üstünliklerine beslenendigini açyk-aýdyň görýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30, hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýuna beslenen ýyly türkmen oba hojalykçylary hem uly zähmet üstünlikleri bilen jemleýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly ýyllarynyň her birine mahsus bolşy ýaly, türkmen gallaçylary we pagtaçylary Watan harmanyny beýgeldip, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen amal etdiler.

Topragyň gymmaty — ömrümiň hümmeti

Bir gün hemişelik endigime eýerip, internet torlaryndaky gyzykly hem ähmiýetli habarlar bilen tanyş bolup otyrkam, täsin bir maglumatyň üstünden bardym. Onda ýaponiýaly uzak ýaşan bir zenana uzak ýaşamagyň syry barada sowal berilýärdi. Ol özüniň uzak ömrüniň manysyny durmuşda ähmiýetli bolan kän zatlar bilen baglanyşdyrýar. Kadaly uky, sagdyn iýmitlenmek, ýaramaz endiklerden daşda durmak, işjeň hereketler, garrandygyňa garamazdan, bilesigelijiligiňi artdyryp, her bir zada gyzyklanmagy başarmak... Zenanyň biri-birinden göwnejaý jogaplaryny yzarlap, üns bilen okap barşyma, onuň iň soňky aýdan zady meni has-da geň galdyrdy. Ýaponiýaly zenanyň ýüregime jüňk bolan jogaby şeýleräk görnüşdedi: «Eger kim-de-kim uzak ýaşamak islese, hökman öz topragynda bitýän gök önümlerdir miweleri iýmäge ýykgyn etmeli. Çünki adam öz dogup-dörän, önüp-ösen topragyna ruh hem beden taýdan bagly bolýar. Bedeniňi özüňe juda ýakyn hem eziz bolan dogduk topragyňda kemala gelen önümler bilen iýmitlendirmek, ruhuň hem aňrybaş kanagatlanmagyna getirýär. Netijede, bu ýagdaý beden we ruhy sagdynlygyňa örän oňyn täsir edýär. Uzak ýaşamagyň syry bolsa, ynsany emele getirýän şol iki gymmatlygyň sagdyn hem sazlaşykly hereket etmegidir».

Pagtaly meýdan

Gözýetime çenli ýaýylyp ýatyr,Gözleriňi dokundyrýan giň meýdan.Uzak gije çirim etmän      garynyUşak göz elekden elän dek asman. Her bir düýp gowaça seretseň häzir,Daňynan dek başyna ak ýaglygy.Gün nuruna öwşün atýar hanalarIýip gelýär dideleň ak ýagyny.

Şygryýet bossany

Berekediň baýramy Hemmämize şatlyk-şowhun eçilen,Hasyl toýy — berekediň baýramy.Zähmet bilen üstünlige ýetilen,Hasyl toýy — berekediň baýramy.

Arzuwlar arşa ýetýär sahawatly topragymyzda

Berekediň pasly hasaplanýan güýz paslynda ene ýere örküni baglan daýhanlarymyz sahawatly topragymyzda der döküp, öndüren dürüni — bol hasylyny ýygnaýarlar. Olar ýerden ýokary hasyl almak ugrunda ýylboýy topraga yhlasyny, zähmetini, mährini siňdirýärler. Hawa, hasyl hakynda gürrüň edilende, ilki bilen, bugdaý, gowaça, gök-bakja ekinleri, ir-iýmişli, miweli baglary ösdürilip ýetişdirilip, alynýan önümleriň ählisi göz öňüne gelýär. Hasyl sözi arzuwyň hasyl bolmagy, garaşylýan netijäniň amala aşmagy ýaly, söz jümleleri bilen hem baglanyp gelýär. Mahlasy, belli bir maksada gönükdiren amallaryňdan gowy netijäni gazanmak — hasyl almak üçin yhlasyň, zähmetiň, tejribäniň bolmagy möhüm. Hasyl bar ýerinde bolçulyk, rysgal-bereket bar. Mekdep ýaşyna ýeten çaganyň bilimler dünýäsine gadam basan ilkinji ädimlerinden başlap, göreldeli okuwçylaryň arasynda tanalmak, bilimden ýetik paýyny almak arzuwlarynyň, olaryň ugrundaky yhlasynyň ýerine düşýändigine, wysal tapýandygyna, sapaklara ýetişiginiň görkezijisi bolan «bäşlik» bahasyndan göz ýetirmek bolýar. Mugallym okuwça berýän bilim-terbiýesiniň netijesine birnäçe ýyllaryň dowamynda garaşýar. Ol durmuş ýoluna ataran okuwçysynyň saýlan ýagşy hünärine, haýyrly işlerine, gazanýan abraýyna özüniňki ýaly guwanýar. Daýhan hem arly ýyllap çeken zähmetiniň miwesine, hasylyna garaşýar. Göwün diýen hasylyny alansoň, daýhan oňa öz perzendi dünýä inen dek

«Ýylyň traktory» adyna mynasyp boldy

Her ýylda geçirilýän bu bäsleşik indi Ýewropa ýurtlarynda däbe öwrüldi. Oba hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda traktorlaryň dürli görnüşleriniň arasynda olaryň tehniki ýagdaýy, işläp bilijilik ukyby, kuwwatlylygy we şuňa meňzeş ýagdaýlary göz öňünde tutulyp, geçirilýän oba hojalyk sergisinde «New Holland Agriculture T6» kysymly, metan bilen işledilýän traktor «Ýylyň traktory» diýen ada mynasyp boldy. Ýewropada öndürilen bu traktoryň şeýle ada mynasypdygyny emin agzalary hem biragyzdan makulladylar. Bu traktor bäsleşige gatnaşmagyň şertinde görkezilen üç sany esasy görkezijä laýykdygy bilen, beýleki traktorlardan saýlandy. 2019-njy ýylda geçirilen «Agrotehnika» sergisinde metanda işledilýän şu kysymly başga bir traktor bu ada mynasyp bolupdy. Ýöne bu gezek «New Holland Agriculture T6» traktory özüniň önümçilikdäki kuwwatlylygynyň hem ýokary görkezijä mynasypdygyny «subut etdi» we 2021-nji ýylda Ýewropada «Ýylyň traktory» adyna eýe boldy — diýip, «agriland.ie» gullugy habar berýär.

Täsin suwoty

Baý biodürlülige eýe bolan ösümlik dünýäsi özüniň ajaýyplygy, özboluşlylygy, täsin görnüşliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle täsin görnüşleriň biri-de, kladaforalar maşgalasyna degişli bolan ýaşyl suwotydyr. Latynça ady «Aegagropila Linnaei» bolup, bu at hem ony açan şweýsariýaly alym K.Linneýiň hormatyna dakylypdyr. Ýaşyl suwoty süýji suwly köllerde, derýalarda, ýylylygy 18 – 22 0C derejede bolan suwlarda ösýär. Ol Ýewraziýa yklymynda Ýuwaş ummanyndan tä Atlantik ummanyna çenli aralykda duşýar. Seýrek ýagdaýda bolsa, Awstraliýada hem hasaba alnandyr.

Saglygymyzy goralyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 15-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMAT Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň basyşy 712 mm, çyglylygy 50 — 70 %.

Ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlarynyň möçberi artdyrylar

5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýubileý ýylynyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we hödürlenen resminamalara seredildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer oba hojalyk toplumy boýunça 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň108,3 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça — 108,9 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça — 102,9 göterime hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça — 102,8 göterime deň bolandygyny habar berdi. Maýa serişdelerini özleşdirmek boýunça meýilnama 132,4 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Adamzadyň bagtyýar şu gününe, ýagty geljegine gönükdirilen başlangyçlar

Golaýda Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Wise-premýer forumda türkmen tarapynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi. Serdar Berdimuhamedow çykyşynda türkmen wekiliýetiniň adyndan forumy guraýjylara — Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetine mähirli myhmansöýerlik hem-de maslahatyň netijeli işlemegine döredilen şertler üçin hoşallyk bildirip, ählumumy Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanyň olara ýetmek ugrunda netijeli işleri alyp barýandygyny nygtady.

Bir nahal ekseň, ýaşyň baky

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada nusgalyk işler amala aşyrylýar. Her ýylda ýurdumyzda ýaz we güýz möwsüminde agaç nahallarynyň ekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlyklaryny nesillere geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde «Milli tokaý maksatnamasynyň» çäklerinde ýaşyl zolaklary hem-de tokaý zolaklary döretmek göz öňünde tutulýar.

Merdana daýhanlarymyza ygtybarly goldaw

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmek we obasenagat toplumynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bugdaý we pagta hasylyny öndürijilere döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw bermegiň çäklerinde, olaryň önümçilik harajatlarynyň doly bahasynyň 50 göterimi özleri tarapyndan tölenilip, galan 50 göteriminiň bolsa, döwlet tarapyndan tölenilmegi, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna dünýäniň iň ösen, kämil tehnikalarynyň, kombaýnlarynyň satyn alnyp berilmegi, kärendeçilerimiziň suw we ýeri gurplandyryjy mineral dökünler bilen hem-de zerur bolan beýleki önümçilik serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri galkyndyrmak barada edýän bimöçber aladalarynyň aýdyň netijesidir. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi barada berýän tabşyryklaryna laýyklykda, şu ýylyň pagta ýygymynda gutarnykly hasaplaşyklaryň guramaçylykly geçirilmegi üçin Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ähli etrap şahamçalarynda karz ugurlary açyldy we pagta hasylyny öndürijiler bilen pagta ýygymynyň hasaplaşyklary öz wagtynda bökdençsiz geçirilýär.

Dökün — bereketli hasylyň möhüm çeşmesi

Bereketli, hasylly, bol naz-nygmatly altyn güýzüň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde türkmen ilimizde bereket bolçulygynyň baýramy — Hasyl toýy bellenilýär. Bu baýram diňe bir babadaýhanyň toýy bolman, eýsem, ene topraga hyzmat edýän, toprakdan bol önüm almaga gatnaşýan her bir oba hojalykçynyň-da baýramydyr. Rysgal-berekediň baýramynyň öňýanyndaky günlerde Mary welaýatynyň «Dökünhimiýa» müdirliginiň Baýramaly etrap «Dökünhimiýa» bazasynyň başlygy Çary AÝDOGDYÝEW bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol alnyp barylýan işler barada şeýle beýan etdi:

Sogan hasyly ýygnalýar

Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky daýhan birleşigi diňe etrapda däl, eýsem, welaýatymyzda hem öňdebaryjy gök ekerançylyk hojalyklaryň biri hökmünde tanalýar. Şu ýyl daýhan birleşigi boýunça beýleki gök-bakja ekinleri bilen bir hatarda irki aralyk soganyň 510 gektary ösdürilip ýetişdirildi. Daýhan birleşigi boýunça kärendeçileriň 70-si gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar.