"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Tebigatyň we ynsanyň özara baglanyşygy hakynda kelam

Türkmen halkynyň milli ruhuny açmakda ägirt uly şahyrana öwrülişik döreden Magtymguly Pyragynyň çeperçilik dünýäsi müň dürli öwüşgini bilen üç ýüz ýyla golaý wagt bäri ynsanlaryň ruhuny ganatlandyryp gelýär. Beýik akyldaryň döredijiliginde meňzetme häsiýetli setirler aýratyn orny eýeleýär. Daş-töweregini gurşap alan tebigata, haýwanat we ösümlik dünýäsine içgin nazar salan akyldar ondaky dürli görnüşleri — bir zadyň başga bir zat bilen meňzeşligini görüp, ony ussatlarça çeperçilik galybyna salypdyr. Dürli täsinlikleri suratlandyryp, beýan etmek, adamyň ýüz keşbindäki, häsiýetindäki aýratynlyklary tebigatyň gözellikleri bilen baglanyşdyrmak onuň poeziýasynyň liriki estetikasyna öwüşgin çaýypdyr.

Penjiräniň öňündäki gök ekinler

Adamlaryň käbiri gyşda öýüň penjiresiniň öňünde gök ekin ösdürýärler, ýöne onuň zähmetini we beýleki zerurlyklaryny göz öňünde tutup, bu işiň hysyrdysyndan çekinýänler hem bar. Bizem penjiräniň öňünde gök ekinleriň hiç hili çykdajysyz ýetişdirilişini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Bu usulda gök ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin goşmaça yşyklandyryş ulgamy, tohum gerek däl. Käşir. Bu ösümlik bişirilende, ol arassalanyp, düýbi kesilýär. Käşir düýpleriniň kesilen tarapyny aşak edip, gaba ýerleşdirmeli. Penjiräniň öňünde goýmaly. Wagtal-wagtal suwarmaly. Iki hepdäniň dowamynda käşiriň ilkinji gökleri (ýaşlary) peýda bolup başlaýar. Käşirden ösüp çykan gökler peýdaly witaminleri öz içine alýar.

Garpyz turpy

Garpyz turpy — bakja ekinleriň arasynda iň täsinleriniň biri bolsa gerek. Onuň içi edil garpyzyňky ýaly gyzyl we süýji bolýar. Bu sort ilkinji bolup Ýewropada döredilýär, emma hakyky meşhurlygy Amerikada gazanýar. Turpuň bu görnüşini hatda Halkara kosmos stansiýasynda hem ösdürip ýetişdirdiler. Bu ösümligiň ortaça uzynlygy 7-8 santimetre barabar. Garpyz turpy natriý, kalsiý, magniý, ftor, fosfor, demir ýaly mikroelementlere baýdyr. Şeýle-de, onuň düzüminde salisil kislotasy saklanýar. Gyşda witamin ýetmezçiliginden tapdan düşen bedeni gurplandyrmak üçin garpyz turpy iň oňat bakja ekinidir.

Buýan diňe dermanlyk däl...

Buýan ýurdumyzyň köp ýerlerinde ösýär. Onuň dermanlyk häsiýeti ylmy taýdan subut edilendir. Ýöne halkyň daýhançylyk we çarwaçylyk tejribesinde buýan diňe bir dermanlyk serişdesi hökmünde däl, eýsem, başga-da köp dürli maksatlar üçin ulanylýar. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem süýji buýanyň dermanlyk häsiýetleri beýan edilýär. Orlan buýan guransoň, onuň ýapraklary aňsatlyk bilen dökülýär. Buýan ýapragyny garrap, horlanyp, lagar düşen maly daýandyrmak üçin peýdalanýarlar. Şeýle edilende, mal tiz daýanyp gidýär.

Ekerançylyk bilen bagly sözler

Göjek — ýumurtganyň ululygynda laýdan taýýarlanýar, ony guradyp, soňra ortasyny deşip, içine gawunyň, garpyzyň tohumyny, çigidini salyp, entek doly gurap ýetişmedik topraga oklaýarlar. Şine — tohumyň ýarylyp, uç görkezip başlamagy.

Saglygymyzy goralyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 01-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar

22-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Dosty dogan saýýan halklar

Türkmen halky bilen gazak halkynyň dost-doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Iki halkyň däp-dessurynda meňzeşligiň bolmagy goňşy halk bilen dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkemegine ýardam beripdir. Häzirki wagtda bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar, alnyp barylýan dostlukly hyzmatdaşlyk özüniň hoşniýetliligi bilen dürli ugurlarda täze ösüşlere eýe bolýar. Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen özara bähbitli strategiki hyzmatdaşlygy iki goňşy ýurdy biri-birine has-da ýakynlaşdyrýar.

Halkalaýyn energiýa ulgamynyň «Ahal — Balkan» bölegi işe girizildi

Adamzat jemgyýetiniň häzirki zaman ösüşini elektroenergiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin hem häzirki döwürde dünýäde elektrik energiýasyny öndürmek hem-de sarp edijilere ýetirmek üçin dürli görnüşli alternatiw çeşmelerden peýdalanylýar. Biziň güneşli Diýarymyzda hem elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny artdyrmakda, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde we yzygiderli döwrebaplaşdyrmakda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitinde dünýäniň tanymal önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen gazturbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçirijiler, paýlaýjy kiçi elektrik beketler bina edilýär, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň hem-de ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamlary täzelenýär.

Şaly orulýar

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4750 gektar meýdandan 20 müň 500 tonna şaly hasylyny almagy maksat edinýän gallaçy-kärendeçiler ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilen ýylynda gymmatly azyklyk ekin bolan şalynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Şu günler daýhan birleşiginde şaly oragy gyzgalaňly dowam edýär. Hojalykda ýetişdirilen hasyly öz wagtynda isrip etmän ýygnap almak üçin ähli çäreler görülýär. Daýhan birleşiginde orak orujylaryň 60-sy öndürijilikli işledilýär. Olaryň güýji bilen her günde ýüzlerçe gektar meýdanyň şalysy ýygnalýar. Sapargeldi Täşliýew, Kakageldi Kakabaýew, Haldurdy Seýitnazarow, Berdi Baýramow ýaly mehanizatorlar öz erk edýän kombaýnlarynda has-da öndürijilikli işlemegiň hötdesinden gelýärler. Ýyglan şalyny galla kabul ediş nokadyna daşamakda «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşiginiň dürli kysymly awtoulaglarynyň hyzmatyndan peýdalanylýar.

Aralyk ekinleriň hasyly ýygnalýar

Toprak bilen iş salyşýan daýhanlar özleriniň köp ýyllyk iş tejribelerinde aralyk ekinleri ekmek işine uly ähmiýet berýärler. Aralyk ekinleriň ösüp kemala gelşini we hasyl berşini kemsiz öwrenen daýhanlar olary gezekleşdirip ekmek bilen, hem-ä topragyň düzümini baýlaşdyrýarlar, hem-de goşmaça girdeji gazanýarlar. Şu günler biziň etrabymyzda hem aralyk ekinleriň hasylyny ýygnamak işleri gowşamaýan depginde, guramaçylykly dowam edýär. Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» medallarynyň eýesi Akbibi Jumageldiýewa hem indi 4 ýyldan bäri bugdaýdan boşan kärende ýerine ýer hozuny ekip gelýär. Ýer hozunyň hasyly 90-100 günde ýetişýär. Geçen ýyl 2 gektar meýdana ekilen ýer hozunyň her gektaryndan 28 sentner hasyl alan kärendeçi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 4,3 gektar ýerde bu ekiniň bereketli hasylyny ýetişdirdi. Şu ýyl her gektardan 30 sentner hasyla garaşýan kärendeçi bilen ekin meýdanynda söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi:

Topragy özleşdirmegiň ylmy esaslary. Bu oba hojalyk önümlerinden bol-bereketli hasyl almagyň çelgisidir

Gahryman Arkadagymyz oba hojalygynyň ylmy esaslarda ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Her bir geçirilýän agrotehniki işleriň ylmy esasda, ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny nygtaýar. Agrotehniki işleriň ylmy esasy bolsa, toprak-howa şertlerine laýyklykda, çäreleri öz möhletinde, bellenilen kada-düzgünleri doly berjaý edip geçirmekden ybaratdyr. Ekinleriň görnüşleri, olaryň aýry-aýry sortlary, howanyň sowuklygyna çydamlylygy, gyzgynlyga bolan talaby boýunça biri-birinden tapawutlanýar we geçirilýän ylmy işlerde kada salyp bolmaýan şert hökmünde hasaba alynýar. Mysal üçin, gowaça ekişi topragyň durnukly gyzgynlygy talap edilýän 10-12 derejä baranda başlanýar, ýazlyk ýorunjanyň tohumy topragyň durnukly gyzgynlygy 2-3 dereje bolanda-da gögermäge ukyplydyr. Howanyň gyzgynlygy 5 derejeden pese düşende bugdaý ösümliginiň ýerüsti böleginiň, 2 derejeden pese düşende bolsa, kökleriniň ösmegi togtaýar. Şol döwürde agrotehniki, aýratyn-da, haşal otlara ýa-da zyýankeş mör-möjeklere garşy göreş çäreleriniň geçirilmegi gowy netije bermeýär. Howa şertleri welaýatlar boýunça, hatda bir welaýatyň çäginde ýerleşen etraplaryň arasynda-da tapawutlydyr. Ekinleriň tiz ýetişgenlik döwri hem howanyň gyzgynlygyna bolan talaby bilen kesgitlenýär. Şoňa görä-de, olar ir, aralyk möhletde we giç ýetişýän toparlara bölünendir. Howa şertleriniň amatly ýa-da amatsyz gelmegi agrotehniki işleriň yl

«Oty köpüň maly dok»

Pederlerimizden miras galan asylly ýörelgelere eýerýän Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň maldarlary gyş üaçin ot-iým taýýarlamak işlerine jogapkärçilikli çemeleşýärler. Şu maksat bilen, häzirki döwürde etrabyň maldarçylyk hojalyklary ot-iým üpjünçiligi üçin niýetlenen ýer böleklerinde ot-iýmlik ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde degişli işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak hem-de önüm berijiligini ýokarlandyrmak babatdaky öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýan etrabyň maldarlary gyş üçin däneli ösümlikleri, ýorunja we beýleki meýdan otlaryny ýetişdirýärler. Olar şu güne çenli ýorunja bedesinden 603 tonna, iri baldakly otlardan 260 tonna golaý ätiýaçlyk ot goruny döredip, gyş möwsümine taýýarlykly barýarlar. Bu babatda etrabyň «Kirpili» maldarçylyk hojalygynda alnyp barylýan işler has-da guwandyryjydyr.

Çeşmeler mekany

Daşky gurşawy goramak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak, ony geljekki nesillerimize miras goýmak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Mälim bolşy ýaly, Watanymyzda birnäçe döwlet tebigy we biosfera goraghanalary hereket edýär. Şol goraghanalaryň biri hem Bathyz döwlet tebigy goraghanasydyr. Bu goraghana ýurdumyzyň günorta künjeginde Bathyz belentliginde ýerleşýär. Ol 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda esaslandyryldy. Goraghanamyz tebigy we emeli çeşmelere örän baý. Bu çeşmeler ýabany haýwanlar üçin ýylyň ähli paslynda ähmiýetlidir. Olar goşa toýnakly, täk toýnakly, ýyrtyjy haýwanlar, guşlar we beýleki mör-möjekler üçin iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýär. Tebigy çeşmelere günbatar, merkezi, gündogar, Başenko, Duzly ýap, Namaksar, Kerlek, Toraňňyly hem-de Daşly çeşmeleri mysal getirmek bolýar. Çeşmelerde goraghanamyzyň ylmy işgärleri we hünärmenleri tarapyndan wagtly-wagtynda arassaçylyk işleri geçirilýär.

Dehistan dünýä siwilizasiýasynyň sallançagy

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda milli mirasymyzy ösdürmekde, gorap saklamakda we bu ugurda ylmy işleri alyp barmakda, gadymy binalarda rejeleýiş-abatlaýyş işlerini geçirmekde netijeli çäreler üstünlikli amala aşyrylýar. Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýolbaşçysy Aýmämmet Rahymow bilen duşuşyp, goraghanada alnyp barylýan işler barada söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi: — Balkan welaýatynyň çäklerindäki taryhy-medeni gymmatlyklary gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler üstünlikli dowam etdirilýär. Taryhy-medeni ýadygärlikleriň ýaýrawy welaýatyň ähli ýerinde diýen ýaly duş gelýär. Welaýatdaky daglyk ýerlerde we deňiz kenarýakalarynda taryhyň daş eýýamyndan başlap, giçki orta asyrlara degişli ýadygärlikler ýüze çykaryldy. Etrek we Esenguly etraplarynda bürünç, demir we orta asyrlaryň taryhyny özünde jemleýän Dehistanyň gadymy emeli suwaryş ulgamyna esaslanan ekerançylykdan başlap, halkymyzyň maddy medeniýetiniň dürli görnüşleriniň galyndylary saklanýar. Ýurdumyzyň maddy mirasyny ylmy taýdan öwrenmek we olarda rejeleýiş-dikeldiş işlerini geçirmek häzirki döwrüň aýratyn möhüm meseleleriniň biri hökmünde öňe çykýar. Bu çäreler halkymyzyň döreden maddy medeniýetiniň galyndylaryny ýüze çykarmakda we geljekki nesillere ýetirmekde örän uly ähm

Ysmanagyň meýdan şertlerinde ösdürilip ýetişdirilişi

Ysmanak peýdaly ösümlikleriň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba ýerlerinde ildeşlerimiziň köpüsi öz melleklerinde hem ysmanagy ösdürip ýetişdirýärler. Bu birýyllyk ösümlik örän çalt ýetişýän, sowuga, kesellere we zyýankeşlere garşy durnuklydyr. ysmanak gyş aýlarynda howanyň temperaturasy – 6, – 8 derejä çenli ýetip, gysga wagtlyk doňaklygy örän ýeňil geçirýär. Gurply we ýumşak topraklarda ysmanak bitginli bolýar. Ysmanak ekilen joýalar Güne tarap garap durmaly, joýalaryň boýy gaty beýik bolmaly däl. Ysmanak çyglylygy halaýan ösümlik. Şonuň üçin hem kähalatlarda suwaryşda suw akyp gitmez ýaly onuň joýalaryny perimetre görä salmajykly hem edýärler. Munuň özi ysmanaga edilýän idegi ýeňilleşdirýär. Ysmanagyň ekiljek ýeri saýlananda, toprak bejergisi gowy geçirilen, ozal ders berlip ekilen ekiniň (hyýar ýa-da ýeralma ekilen) meýdanyny saýlamak maksadalaýyk hasaplanýar. Ysmanak ekiljek meýdanyň 1 inedördül metr meýdanyna ýarym bedre çüýrüntgi, iki goşawuç kül bermeli.

Gözelligi kakýar kalbyň taryny... (Oýlanma)

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda şeýle setirler bar: «Tebigata mahsus ähli ajaýyplyklar biziň topragymyzda bar. Bir tarapy Köpetdag, beýleki tarapy Köýtendag, Garagum çöli bolsa şol daglara berkidilen sallançaga meňzeýär. Bir seretseňem, çägesine altyn garylan Garagum türkmeniň mukaddes desserhanyna çalym edip dur». Bu jümleler ata-babalarymyzyň başyna täç eden bereketli we keramatly topragynyň gaýtalanmajak gözelligini, halkymyzyň ruhy ýaşaýyş keşbini, ümmülmez Watanymyzyň älemgoşar öwüşginini şekillendirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen tebigatynyň keşbi has-da özgerdi. «Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar» diýip, şahyr Gara Seýitliýewiň aýdan setirleri ildeşlerimiziň her biriniň kalbyna ýazyldy, agaç ekmek sogap işe öwrüldi. Töwerek-daşymyz gür baglyga bürendi. Wagtal-wagtal bu gözellikleri synlasyň gelýär. Ýakymly duýgulara beslenen göwnüň al-elwan öwüsýän türkmen sährasyna tarap alyp gidýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesinden ýöremegi üçin eçilen sowgadyna — ýapgytlary ýaşyl dona bürenen, gerişleri akja gara lowurdaýan Köpetdagyň gujagynda ýerleşýän Saglyk ýoluna gezelenç edip, türkmen tebigatyny synlamagyň lezzetini diýsene! Ýaşyl tebigaty synlaýarkaň, baýyrlaryň üstünde keýik owlajyklarynyň erkana bökjekleşýändikleri göz öňüňden geçip gidýär. Lezzet alyp oturdygyňça, kalbyňy tebigat baradaky gyzy

«Ladybird» — ekerançylyk üçin täze robot

Ekerançylykda ulanylmaga niýetlenen bu täze robot Sidneý uniwersitetiniň professory Salah Sukkari tarapyndan döredildi. Ol «Ladybird» diýlip atlandyrylýar. Bu robotyň nämä ukyby bar? Ol ekine gözegçilik etmek bilen bir hatarda tehniki kartalary düzmek işinde hem adamlara kömekçi bolup bilýär. Ösümlikleriň ösüşine we olara zyýan beriji mör-möjeklere gözegçilik etmek üçin bu robota birnäçe gurallar we gün panelleri ýerleşdirilipdir.

Dünýäde iň uly kädi

Italiýaly fermer dünýäde iň äpet kädini ösdürip ýetişdirdi, onuň agramy 1226 kilograma deň boldy. Bu barada ýurduň «Lo Zuccone» neşiri habar berýär. Italiýanyň Peççoli diýen ýerinde geçen «Festa dello Zuccone» oba hojalyk önümleri festiwalynda ýerli daýhan Stefano Kutrupi «pälwan» kädini jemagata görkezdi. «Onuň ýetişdiren bakja önüminden müňlerçe kädili gutap taýýarlap boljak» diýip, ýerli adamlar degişýärler.