Halkalaýyn energiýa ulgamynyň «Ahal — Balkan» bölegi işe girizildi

24 Oktýabr 2021
988

Adamzat jemgyýetiniň häzirki zaman ösüşini elektroenergiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin hem häzirki döwürde dünýäde elektrik energiýasyny öndürmek hem-de sarp edijilere ýetirmek üçin dürli görnüşli alternatiw çeşmelerden peýdalanylýar.

Biziň güneşli Diýarymyzda hem elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny artdyrmakda, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde we yzygiderli döwrebaplaşdyrmakda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitinde dünýäniň tanymal önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen gazturbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçirijiler, paýlaýjy kiçi elektrik beketler bina edilýär, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň hem-de ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamlary täzelenýär.

«Bereketli toprak».