«Oty köpüň maly dok»

24 Oktýabr 2021
1027

Pederlerimizden miras galan asylly ýörelgelere eýerýän Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň maldarlary gyş üaçin ot-iým taýýarlamak işlerine jogapkärçilikli çemeleşýärler. Şu maksat bilen, häzirki döwürde etrabyň maldarçylyk hojalyklary ot-iým üpjünçiligi üçin niýetlenen ýer böleklerinde ot-iýmlik ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde degişli işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak hem-de önüm berijiligini ýokarlandyrmak babatdaky öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýan etrabyň maldarlary gyş üçin däneli ösümlikleri, ýorunja we beýleki meýdan otlaryny ýetişdirýärler. Olar şu güne çenli ýorunja bedesinden 603 tonna, iri baldakly otlardan 260 tonna golaý ätiýaçlyk ot goruny döredip, gyş möwsümine taýýarlykly barýarlar. Bu babatda etrabyň «Kirpili» maldarçylyk hojalygynda alnyp barylýan işler has-da guwandyryjydyr.

Muhammet DURDYÝEW,
TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.