"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Bäsleşikli işleýän balykçylar

Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary esasynda ýurdumyzyň balykçylyk pudagynyň telekeçileriň ygtyýaryna berilmegi balykçylyk pudagynyň ilerlemegine badalga berdi. Munuň şeýledigine Mary welaýatynyň çäginde döredilen «Täze balyk» hususy kärhanasynyň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Çünki kärhananyň balykçylarynyň köp bolmadyk wagtyň içinde amala aşyran netijeli işleri olaryň görkezijileriniň düýpli ýokarlanmagyna oňyn täsir etdi. Bada-bat döwrebap gaýyklaryň we balyk tutmak üçin niýetlenen enjamlaryň ýeterlik mukdary bilen üpjün edilen telekeçi hünärmenler Hanhowuz, Saryýazy suw howdanlarynda, Lebap welaýatynyň Ýerajy ýaly suw köllerinde we başga-da birentek ýerlerde bar bolan balyklary aýawly saklamak, olara gözegçilik etmek, goruny köpeltmek, balyk tutmak hem-de tutulan balyklary täzeligi bilen ilata ýetirmek ýaly derwaýys işlere aýratyn üns berýärler. Netijede, Mary şäheriniň çäginde we welaýatyň etraplarynda elýeterli bahalardan alyjylara hödürlenýän täze balyklar ilaty begendirdi. Öz öňlerinde goýan wezipelerine üstünlikli hötde gelip, balyk tutmak bilen baglanyşykly meýilnamalaryny aýma-aý artykmajy bilen berjaý edýän kärhananyň zähmetsöýer balykçylary şu günler öz ukyp-başarnyklaryny işleriniň has-da ilerlemegine gönükdirýärler.

Limona ideg etmegiň şertleri we onuň ykdysady taýdan peýdasy

Häzirki wagtda adamzat jemgyýetiniň islegleriniň has-da ösýän döwründe oba hojalyk önümlerine, şol sanda sitrus miwelere bolan isleg günsaýyn artýar. Ýurdumyzda ilatyň artýan isleglerini ýokary derejede kanagatlandyrmak üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Limonyň ylmy esasda ösdürilip ýetişdirilişi we oňa ideg edilişi örän gyzykly we özüneçekiji bolup, häzirki wagtda bu işler hususy önüm öndürijileriň arasynda giň gerime eýe bolýar. Ol subtropik şertlerde ösüp ýetişýändigi sebäpli, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ösdürilmegi üçin ýerlerde mikroklimatyň (ýyladyşhanalaryň) döredilmegi zerurdyr. Limon üçin optimal howa şertleri onuň görnüşine bagly bolup, ol ýyly howa şertlerinde (15-20 gradus) ýokary hasyl berýär. Şeýle hem ol şemaldan we aýazdan goralan, doly Gün şöhlesiniň düşüp duran ýerinde ýerleşmegini talap edýär. Salkyn howa şertlerinde limon ösdürilip ýetişdirilende, şöhlelenýän ýylylygy ulanyp biler ýaly, onuň kerpiç diwara ýakyn ýerde oturdylmagy wajypdyr.

Ýyladyşhanada hyýary topraksyz şertlerde ösdürip ýetişdirmek

Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ýyladyşhanalarda hyýary ösdürip ýetişdirmek iki möwsümde amala aşyrylýar. Hyýary güýz-gyş möwsüminde ösdürip ýetişdirmek üçin awgust aýynyň 20-sinden sentýabr aýynyň başyna çenli ekmeli. Gyş-ýaz möwsüminde ösdürip ýetişdirmek üçin 25-30 günlük şitilleri ýanwar aýynyň birinji ýarymynda ýyladyşhanada 80x40 santimetr çyzgyt boýunça oturtmaly. Hyýar özüniň ahli ösüş döwründe ýyly howany gowy görýär. Onuň tohumy 12 – 13 dereje ýylylykda gögerip başlaýar. Ösüş döwründe oňa ýaramly ýylylyk 25 – 30 derejedir. Ýyladyşhanada ösümlikler gögerenden soň onuň içiniň ýylylygyny kadaly ýagdaýda saklamaly. Şonda ýylylyk gündizlerine açyk howada 25 – 28, bulutly günlerde 20 – 22, gijelerine bolsa, 18 gradusdan aşak düşmeli däl. Eger-de ýyladyşhananyň içiniň ýylylygy 15-den aşak ýa-da 35 derejeden ýokary bolsa, ösümlikler düwmesini bes edýär. Hyýar üçin ýyladyşhananyň içiniň çyglylygy 85 – 95 göterim bolmaly.

Dowarlaryň gyşladylmagy

Goýunlary gyşlatmak dowardarçylykda örän derwaýys we jogapkärli çäreleriň biridir. Bu möhüm çärä öz wagtynda taýýarlyk görülmegi we onuň guramaçylykly geçirilmegi dowarlary gyşdan tükel alyp çykmaga we sagdyn nesil almaga ýardam edýär. Dowarlary gyşdan başbitin, gurat alyp çykmak üçin ätiýaçlyk ot-iýmler we ýyly mal ýataklar bilen bir hatarda mallaryň özlerini hem gyşa taýýarlamaly. Mallary gyşa taýýarlamak üçin ýylboýy örüde saklanýan goýunlary ýaz, tomus, güýz pasyllary gowy örülerde bakyp, gyş döwri üçin bedeninde ýag goruny ýygnatmaly. Türkmen çarwadarlarynyň «Dokuzyň üçe ýetýärmi?» diýen sowalynyň manysy — «şol dokuz aýda toplanan goruň mallary üç aý dowam edýän gyşdan abat alyp çykmaga ýeterlikmi?» diýmegi aňladýar. Güýz gyrkymyndan soň, malyň endamyna şemal çalyp, onuň gan aýlanyşygy gowulanýar, işdäsi açylýar. Şol döwürde goýunlary ýowşanly-şoraly, sazakly-ýylakly örülerde bakmaly. Öri ot-çöpüne semredilen dowarlar elin ot-iým berlip bakylan mallara garanda, gyşdan horlanman, kynçylyksyz çykýarlar. Sebäbi, örüde semrän mallaryň bedenindäki ýaglar has gaty bolýar. Gaty ýaglar bolsa kynlyk bilen eremek häsiýetine eýedir. Şeýlelikde, öri mallary öz bedeninde ýag görnüşinde toplanan iýmit goruny rejeli harç edip, gyşdan tükel we abat çykýarlar. Ata-babalarymyz «Oty köpüň maly dok» diýipdirler, çünki dok mallar sowuga has çydamlylygy we süňňüniň sagatlygy bilen tapawu

Täze gerbisid öndüriler

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýyllyk dolanyşygy 26 milliard dollara ýetýän «Marrone Bio Innovations» kompaniýasy haşal otlara garşy serişdeleriň bazaryna girmek maksady bilen, biogerbisidleriň täze üç görnüşini hödürlemäge taýýarlanýar. Täze önümler barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kewin Helaş köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine şeýle gürrüň berdi: «Häzir haşal otlaryň aglabasy ozaldan ulanylyp gelinýän gerbisidlere uýgunlaşdy. Şonuň üçin hem täze gurluşlara zerurlyk bar. Biziň täze gözleglerimiz ekologiýa taýdan arassa bolup, fermerleriň has ýokary hasyl almagyna ýardam berer».

Soganyň täsin görnüşi ýüze çykaryldy

Hindi alymlary soganyň «Allium negianum» atly täze görnüşiniň ýakyn günlerde sarp edijilere ýetiriljekdigi barada aýtdylar. Soganyň bu görnüşi ýurduň Nepal bilen serhedindäki jülgede bitýär. Alymlar soganyň täze görnüşini Hindistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Uttarakhand welaýatynyň Niti jülgesinde ýüze çykardylar. Ol 3 – 4,8 müň metr belentlikde bitýär we esasan, açyk çemenliklerde, çägeli topraklarda, derýalaryň we dag jülgeleriniň ýakalarynda duşýar. Soganyň bu täze görnüşi Gimalaý daglarynda bitýän «Pržewalskiý» sorty bilen has ýakyndyr. Ýerli ýaşaýjylar bu sogany alymlardan öňürti tapypdyrlar we ol ýerli bazarda uly islegden peýdalanýar.

Taryhy guýular dikeldilýär

Hindistanda müňlerçe ýyl mundan ozal gurlan we binagärlik täsinlikleri hasaplanýan «basgançakly suw guýularyny» dikeltmäge başlandy. Birnäçe asyr mundan ozal gurlan we soňra ýatdan çykarylan suw guýulary tebigy suw serişdeleriniň üstüni ýetirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Ters piramida görnüşinde gurlan we aşaklygyna gysgalyp gidýän bu desgalaryň düýbüne müňlerçe basgançak düşýär. Syýahatçylyk merkezine öwrülen bu desgalar häzirki zaman suw ulgamlaryny ulanýan şäher meýilleşdirijileri tarapyndan hem taryhy ýadygärlikler hökmünde görlüpdir. Ýüzlerçe ýyldan bäri jemgyýetiň suw zerurlyklaryny kanagatlandyrýan käbir suw guýulary düýbünden ýok boldy. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda gurakçylyk sebäpli suwuň azalmagynyň öňüni almakda zerur çäreler görlüp başlandy. Çözgütleriň gözlenmegi geçmişde ulanylan tehnologiýalaryň üstüni açdy we taryhy suw guýulary gaýtadan dikeldilip başlandy.

Elektron abunaçy bolmagyň ýazylyş tertibi: kompýuteriň üsti bilen ýazylmak has-da ýeňil

Döwrümiziň ösüşleri, özgerişleri, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty, bagtyýarlyk döwrümiziň eşretli günleri hakyndaky habarlardyr makalalary, goşgudyr söhbetdeşlikleri indi biz örän ýeňilleşdirilen, dessine tanşyp bolýan internet sahypalarynyň üsti bilen okap bilýäris. Şunlukda sanly gurşawa eýe bolan, ýolda-yzda, myhmançylykda ýa-da işde — islendik wagt açyp, okap bolýan «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasy hemişe siziň bilen. Elektron gazetlerini özünde jemleýän internet sahypasyna internet tory arkaly kompýutere ýa-da Türkmenmetbugat mobil goşundysyny el öýjükli smart telefonyna ýükläp, girip bolýar. Ýöne okamak üçin, ilkinji nobatda, elektron abunaçy bolmak zerurdyr. Hormatly okyjylar, biz bu gezekki sanymyzda kompýuteriň üsti bilen elektron abunaçy bolmagyň ýazylyş tertibini size ýetirmegi makul bildik. Ýazylyşyga başlamazdan ozal, «TMCell» el öýjükli telefonyňyzdaky hasabyňyz 60 manatdan gowrak bolmaly.Öň siz Türkmenmetbugat internet sahypasyna abunaçy bolup, indi 2022-nji ýylyň birinji ýarymy — ilkinji 6 aýyna elektron abuna ýazylmakçy bolsaňyz, onda şu aşakdaky yzygiderliligi amala aşyrmaly.

Elektron abunaçy bolmagyň ýazylyş tertibi: kompýuteriň üsti bilen ýazylmak has-da ýeňil

Döwrümiziň ösüşleri, özgerişleri, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty, bagtyýarlyk döwrümiziň eşretli günleri hakyndaky habarlardyr makalalary, goşgudyr söhbetdeşlikleri indi biz örän ýeňilleşdirilen, dessine tanşyp bolýan internet sahypalarynyň üsti bilen okap bilýäris. Şunlukda sanly gurşawa eýe bolan, ýolda-yzda, myhmançylykda ýa-da işde — islendik wagt açyp, okap bolýan «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasy hemişe siziň bilen. Elektron gazetlerini özünde jemleýän internet sahypasyna internet tory arkaly kompýutere ýa-da Türkmenmetbugat mobil goşundysyny el öýjükli smart telefonyna ýükläp, girip bolýar. Ýöne okamak üçin, ilkinji nobatda, elektron abunaçy bolmak zerurdyr. Hormatly okyjylar, biz bu gezekki sanymyzda kompýuteriň üsti bilen elektron abunaçy bolmagyň ýazylyş tertibini size ýetirmegi makul bildik. Ýazylyşyga başlamazdan ozal, «TMCell» el öýjükli telefonyňyzdaky hasabyňyz 60 manatdan gowrak bolmaly.

Saglygymyzy goralyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 08-ne bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 40 — 60 %. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 718 mm, çyglylygy 45 — 65 %. 

Oba hojalyk pudagy tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylýar

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hemde milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hemde ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Ulag-üstaşyr mümkinçilikleriň gerimi giňeýär

Dünýäniň ulag giňişligine goşulyşmak, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak, iri logistik merkezini döretmek ulag ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Durnukly ösüşi üpjün etmekde, döwletleriň arasyndaky söwdaykdysady hyzmatdaşlyklary, dostdoganlyk gatnaşyklaryny hasda berkitmekde ulag-üstaşyr geçelgeleri möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň hukuk binýady bolup, «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda», «Awtomobil ulagy hakynda», «Ulag howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär. Olar özara söwdaykdysady hyzmatdaşlygy kanunçylyk esasynda giňeltmäge, durnukly ösüşi we parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümini, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyny çalt kemala getirmek bilen baglylykda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça görülýän anyk we netijeli çäreler diňe bir milli ykdysadyýetimize däl, eýsem, sebit döwletleriniň ösüşine hem güýçli itergi berýär. Örän amatly çäk ýagdaýyny eýeleýän, sebitde we yklymda möhüm üstaşyr-ulag merkezi hökmünde öz ornuny ynamly pugtalandyrýan Türkmenistan bu ulgamda ägirt uly mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine peýdalanmaga çalyşýar.

«GEOCLIC» — geljege umyt!

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda dünýäniň ösen döwletleriniň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk barha berkeýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlyklar alnyp barylýar. Ýaş hünärmenlerimizdir talyp ýaşlarymyz bolsa, öz ukyp-başarnyklaryny dünýä ýaýýarlar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri, Ýewropa komissiýasynyň Bilim, okatmagyň audiowizual serişdeleri we medeniýet baradaky ýerine ýetiriji agentligi tarapyndan Erasmus maksatnamasy boýunça ýurdumyzyň hem wekilçilik etmeginde taslamalaryň ençemesi dürli ugurlarda geçirilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň goldamagy esasynda bu maksatnamanyň täze taslamasyna Watanymyzyň wekilçiligi saýlanylyp, taslamany ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Erasmus maksatnamasynyň bu täze taslamasy «Kenarýaka ekoulgamlaryny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak üçin geogiňişlik inženeriýasy boýunça täze okuwlar» (GEOCLIC) diýlip atlandyrylýar. Bu taslamany durmuşa geçirmekde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň tejribeli we ýaş mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Bu taslamada suw baýlygymyz bolan Hazar deňziniň ekoulgamyny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak üçin geogiňişlik inženeriýasyny işläp düzmek hakynda teklipler bilen çykyş etmek ýaş hünä

Öňdebaryjylar öňe saýlanýarlar

Şu günler möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymy Tagtabazar etrabynyň kärendeçileri tarapyndan hem gyzgalaňly alnyp barylýar. Günüň tylla nuruna ak patrak deýin açylan gozalar daýhanyň buýsanjyny has-da artdyrýar. Şunlukda, kärendeçiler gündelik ýygylýan pagta hasylyny barha ýokarlandyrýarlar. Öňdebaryjy kärendeçileriň arasynda «Saryýazy» daýhan birleşiginden kärendeçi Agamerdan Jumaseýidow 1 gektardan 4400 kilogram, «Azatlyk» daýhan birleşiginden kärendeçi Agajuma Jumaýew 1 gektardan 3400 kilogram, «Daýhan» daýhan birleşiginden kärendeçi Kümüş Rejepowa

Ilkinji ýygymdan 44 sentner

35 ýyldan bäri ene toprak bilen iş salşyp, kärende ýerimizden bol hasyl alyp gelýän hem bolsak, şu ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň pagta ýygymy biziň üçin iň düşümli möwsüm boldy. Öz wagtynda ekiş geçirip, möwsümleýin agrotehniki işleriň ählisini ýokary hilli amala aşyryp, 5 gektar kärende ýerimizde jemi 6 gezek gowaçalaryň hatarara bejergisini, 6 ýola hem suw tutmak işini berjaý edip, bol hasyly kemala getirdik. Netijede, her gektar gowaça meýdanynyň ilkinji ýygymyndan 44 sentner hasyl alyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilen ýylyny zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrdyk. Muňa garamazdan, ekin meýdanlarynda entek hasyl köp. Şonuň üçin hem pagta ýygymy möwsüminiň ahyryna çenli her gektaryň hasyllylygyny 50 sentnere ýetirmäge bizde doly mümkinçilik bar. Oba zähmetkeşleriniň ekinlerden bol hasyl alyp bilmekleri üçin hemme şertleri, mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Efir ýagly ösümlikler

Efir ýaglaryny almak üçin efir ýagly (aromatiki) ösümlikler ösdürilip ýetişdirilýär. Bular barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda gyzykly maglumatlar getirilýär. Ýurdumyzda düzüminde efir ýagyny saklaýan köp sanly ýabany ösümlikler bar. Olaryň birnäçe görnüşini senagat taýdan gaýtadan işlemek mümkinçiligi hem döreýär. Biziň toprak-howa şertlerimizde suwarymly we düme ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçiligiň bolandygy sebäpli, efir ýagly ösümlikleriň sanawy has-da giňelýär. Olaryň arasynda geran, limonly jöwen, limonly werbena ýaly subtropiki ekinler bar.

«Agaýana» — belli bu gün Diýara

Dünýä bazarynda bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleri öndürmäge önjeýli goşant goşýan önümçilik kärhanalary, hususyýetçiler Mary welaýatynda-da az däl. Şolaryň biri hem sebitiň Oguzhan etrabynyň çäginde ýerleşýän «Agaýana» hususy kärhanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň hususyýetçiler ulgamynyň ornuny has-da pugtalandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak bilen baglanyşykly aladalaryndan, kömek-hemaýatlaryndan ruhlanyp işleýän bu iri önümçilik kärhanasy indi ençeme wagtdan bäri halkymyzyň gurluşyk harytlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak ýaly derwaýys işleriň ilerlemegine goşant goşmakda öwgä mynasyp işleri bitirip gelýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ilkinji bolup, gowaçadan we agaç gyryndylaryndan önüm öndürip başlan bu kärhananyň umumy meýdany 3,5 gektara barabar bolmak bilen, ol özüne degişli birnäçe bölümleriň binalaryny jemleýär. Bu ýerdäki bölümler bolsa dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilendir. Şonuň üçin hem kärhanada öndürilýän önümler döwrebaplygy we ýokary hil derejesindedigi bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Desganyň esasy aýratynlygy bolsa, bu ýerde öndürilýän önümleriň çig malynyň 70 göteriminiň gowaçadan we agaç gyryndylaryndan bolmagydyr. Kämil enjamlar hem-de olary ussatly

«Ygtybarly daýanjyň» höziri

Golaýda işiň hysyrdysy bilen gümra bolup ýörkäm, biraz dynç alaýyn diýdim-de, gel, hem-ä gözel paýtagtymyzyň gül-gunçaly köçelerinde gezelenç edeýin, hemem arassa howadan dem alaýyn diýip daşary çykdym. Daşarynyň howasy tüýs gezelenç etmeli howady. Bulutlaryň arasyndan käýarym Günüň meňzi görnüp, ýyly şöhlesini görkezip gidýärdi. Pessaýja öwüsýän güýzüň salkyn şemaly göwnüňe şeýle bir giňlik berýärdi. Ýoly kesip geçmek üçin pyýadalara niýetlenen geçelgäniň golaýyna geldim-de, ýolyşygynyň «rugsat beriji» yşygyna garaşdym. Ýoldan geçibem, ak bulutlar deý mermerli jaýlaryň deňesinden, ýanýodadan ýöräp ugradym. Ýöräp barýan köçäm «Garaşsyzlyk» şaýoludy. Şaýoluň ugrunda her 50 – 100 metrden dürli görnüşde «Garaşsyzlyk XXX ýyl» diýen ýazgylara gabat gelýärdim. Bezegleriň deňesinden geçip, synlap barşyma, birden, kerwen gurap gelýän birnäçe läheň täze tehnikalar ünsümi özüne çekdi. Bular «John Deere»-lerdi. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalykçylar üçin şanly Garaşsyzlygymyza uly toý sowgadydy. Şu güne çenli Garaşsyzlygyň miweleri bolan bu kuwwatly tehnikalar azyk garaşsyzlygynyň egsilmez binýadyny döretdi. «Garaşsyzlyk» şaýolundaky şeýle ýakymly pursatlar meni pikirler ummanyna oklady. Milli Liderimiziň saýasynda gazanylan taryhy üstünlikler baradaky ajaýyp pikirler serden kagyza geçdi.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna

Baglar, heý Kysmat olmaz, gidem uzak ýollara,Nesip goýmaz, gider ýolum baglar, heý!Haýran, Mejnun bolup çykam çöllere,Baryp mesgen tutam sizi, daglar, heý!