Limona ideg etmegiň şertleri we onuň ykdysady taýdan peýdasy

7 Noýabr 2021
1012

Häzirki wagtda adamzat jemgyýetiniň islegleriniň has-da ösýän döwründe oba hojalyk önümlerine, şol sanda sitrus miwelere bolan isleg günsaýyn artýar. Ýurdumyzda ilatyň artýan isleglerini ýokary derejede kanagatlandyrmak üçin birnäçe işler alnyp barylýar.

Limonyň ylmy esasda ösdürilip ýetişdirilişi we oňa ideg edilişi örän gyzykly we özüneçekiji bolup, häzirki wagtda bu işler hususy önüm öndürijileriň arasynda giň gerime eýe bolýar. Ol subtropik şertlerde ösüp ýetişýändigi sebäpli, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ösdürilmegi üçin ýerlerde mikroklimatyň (ýyladyşhanalaryň) döredilmegi zerurdyr. Limon üçin optimal howa şertleri onuň görnüşine bagly bolup, ol ýyly howa şertlerinde (15-20 gradus) ýokary hasyl berýär. Şeýle hem ol şemaldan we aýazdan goralan, doly Gün şöhlesiniň düşüp duran ýerinde ýerleşmegini talap edýär. Salkyn howa şertlerinde limon ösdürilip ýetişdirilende, şöhlelenýän ýylylygy ulanyp biler ýaly, onuň kerpiç diwara ýakyn ýerde oturdylmagy wajypdyr.

Bekgylyç AGAÝEW,
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy.