Soganyň täsin görnüşi ýüze çykaryldy

7 Noýabr 2021
1214

Hindi alymlary soganyň «Allium negianum» atly täze görnüşiniň ýakyn günlerde sarp edijilere ýetiriljekdigi barada aýtdylar. Soganyň bu görnüşi ýurduň Nepal bilen serhedindäki jülgede bitýär.

Alymlar soganyň täze görnüşini Hindistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Uttarakhand welaýatynyň Niti jülgesinde ýüze çykardylar. Ol 3 – 4,8 müň metr belentlikde bitýär we esasan, açyk çemenliklerde, çägeli topraklarda, derýalaryň we dag jülgeleriniň ýakalarynda duşýar. Soganyň bu täze görnüşi Gimalaý daglarynda bitýän «Pržewalskiý» sorty bilen has ýakyndyr. Ýerli ýaşaýjylar bu sogany alymlardan öňürti tapypdyrlar we ol ýerli bazarda uly islegden peýdalanýar.

Rahmanberdi GYLYÇDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.