Taryhy guýular dikeldilýär

7 Noýabr 2021
763

Hindistanda müňlerçe ýyl mundan ozal gurlan we binagärlik täsinlikleri hasaplanýan «basgançakly suw guýularyny» dikeltmäge başlandy. Birnäçe asyr mundan ozal gurlan we soňra ýatdan çykarylan suw guýulary tebigy suw serişdeleriniň üstüni ýetirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Ters piramida görnüşinde gurlan we aşaklygyna gysgalyp gidýän bu desgalaryň düýbüne müňlerçe basgançak düşýär.

Syýahatçylyk merkezine öwrülen bu desgalar häzirki zaman suw ulgamlaryny ulanýan şäher meýilleşdirijileri tarapyndan hem taryhy ýadygärlikler hökmünde görlüpdir. Ýüzlerçe ýyldan bäri jemgyýetiň suw zerurlyklaryny kanagatlandyrýan käbir suw guýulary düýbünden ýok boldy. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda gurakçylyk sebäpli suwuň azalmagynyň öňüni almakda zerur çäreler görlüp başlandy. Çözgütleriň gözlenmegi geçmişde ulanylan tehnologiýalaryň üstüni açdy we taryhy suw guýulary gaýtadan dikeldilip başlandy.

Dünýägözel MÄMMETJUMAÝEWA,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.