Efir ýagly ösümlikler

31 Oktýabr 2021
1290

Efir ýaglaryny almak üçin efir ýagly (aromatiki) ösümlikler ösdürilip ýetişdirilýär. Bular barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda gyzykly maglumatlar getirilýär.

Ýurdumyzda düzüminde efir ýagyny saklaýan köp sanly ýabany ösümlikler bar. Olaryň birnäçe görnüşini senagat taýdan gaýtadan işlemek mümkinçiligi hem döreýär. Biziň toprak-howa şertlerimizde suwarymly we düme ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçiligiň bolandygy sebäpli, efir ýagly ösümlikleriň sanawy has-da giňelýär. Olaryň arasynda geran, limonly jöwen, limonly werbena ýaly subtropiki ekinler bar.

Hojanazar GYLYJOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.