«Ygtybarly daýanjyň» höziri

31 Oktýabr 2021
965

Golaýda işiň hysyrdysy bilen gümra bolup ýörkäm, biraz dynç alaýyn diýdim-de, gel, hem-ä gözel paýtagtymyzyň gül-gunçaly köçelerinde gezelenç edeýin, hemem arassa howadan dem alaýyn diýip daşary çykdym. Daşarynyň howasy tüýs gezelenç etmeli howady. Bulutlaryň arasyndan käýarym Günüň meňzi görnüp, ýyly şöhlesini görkezip gidýärdi. Pessaýja öwüsýän güýzüň salkyn şemaly göwnüňe şeýle bir giňlik berýärdi.

Ýoly kesip geçmek üçin pyýadalara niýetlenen geçelgäniň golaýyna geldim-de, ýolyşygynyň «rugsat beriji» yşygyna garaşdym. Ýoldan geçibem, ak bulutlar deý mermerli jaýlaryň deňesinden, ýanýodadan ýöräp ugradym. Ýöräp barýan köçäm «Garaşsyzlyk» şaýoludy. Şaýoluň ugrunda her 50 – 100 metrden dürli görnüşde «Garaşsyzlyk XXX ýyl» diýen ýazgylara gabat gelýärdim. Bezegleriň deňesinden geçip, synlap barşyma, birden, kerwen gurap gelýän birnäçe läheň täze tehnikalar ünsümi özüne çekdi. Bular «John Deere»-lerdi. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalykçylar üçin şanly Garaşsyzlygymyza uly toý sowgadydy. Şu güne çenli Garaşsyzlygyň miweleri bolan bu kuwwatly tehnikalar azyk garaşsyzlygynyň egsilmez binýadyny döretdi. «Garaşsyzlyk» şaýolundaky şeýle ýakymly pursatlar meni pikirler ummanyna oklady. Milli Liderimiziň saýasynda gazanylan taryhy üstünlikler baradaky ajaýyp pikirler serden kagyza geçdi.

Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak».