"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Çyksaň, hazynaly sähra!

Garagum sährasy deňi-taýy bolmadyk, asyrlaryň dowamynda ajaýyp sazak, gandym, çerkez tokaýlarynyň asyl nusgasyny üýtgetmän, saklap galan tebigy künjekleriň biridir. Güneşli Diýarymyzyň 80 göterimini tutýan Garagum sährasy müň bir owazly, özboluşly bir ajaýyp simfoniýa diýseň hem ýerlikli bolar. Pasly baharda seýrana çykyp, onuň tükenmez giňişliklerini, agyp-dönüp ýören dowardyr mallaryny, asyrlarboýy tebsiräp ýatan gumuň içinden geçip, birnäçe kilometre gol gerip oturan emeli kölüni, beýikli-pesli alaňlyklaryny gören her bir adam muňa maýyl bolýar. Ýylyň haýsy paslynda seýrana barsaňyz hem Garagum sizi täsin gözelligi bilen garşylar. Jana şypa beriji bu täsin gözellik bahar aýlary ýaşyl dona bürenip, gülälekleriň ajaýyp ülpüldisi, al-ýaşyl gülleriniň hoşboý ysy, saýrak guşlarynyň ýüz müň dürli nagmasy, garagöz ak jerenleri, darsyldap duran tez marallary, keýikleri bilen sizi özüne bendi eder. Bu döwürde al-elwan gülleri, çomujy, ýapragyndan saýawan edinäýmeli yşgyny, enaýyja guşlary we başga-da gözel pursatlary surata alyp, syýahat etmek adamyň göwnüni göterýär. Olar Garagum sähramyzyň bezegidir, görküdir. Gyşyna-da ol gözeldir. Gyş pasly gar ýagansoň, hasam täsin görünýän sazaklaryň, garyň üstündäki jandarlaryň yzlaryny, gyşlamaga gelen suw guşlaryny synlamak adamyň döredijilik ylhamyny joşdurýar.

Milli eşigim — görküm gelşigim

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli egin-eşikleri Garaşsyzlyk ýyllarynda has-da kämilleşdirilip, döwrüň derejesine göterildi. Taryha nazar salsak, türkmen çäkmenleri diňe bir ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem, hiliniň ýokarylygy, dokalyşynyň we tikilişiniň nepisligi, ýumşaklygy, ýeňildigi we ynsan bedenine ýakymlylygy bilen dünýä bazarlarynda geçginli milli eşikleriň biri hökmünde müşderileriň uly isleg bildirýän harytlary bolupdyr.

Söz manysyn aňar bolsaň...

Baldyrwajyk — goýnuň garnynyň aşagyndan hem-de aýaklaryndan gyrkylyp alnan ýüň. Gowuş — mal oty üçin gür ekilýän jöwen.

Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz

Rowaýata görä, Gündogaryň beýik alymy, Abu Aly ibn Sinanyň — Lukman Hekimiň agyr hala düşen ýagdaýyny eşiden oba adamlary onuň ýanyna baryp, hal-ýagdaýyny sorap, öz geljekki ykballary barada söhbet edipdirler. «Sen mundan baka gitseň, bize kim garaşyk eder, derdimizi kim bejerer» diýip, Lukman Hekimden sorapdyrlar. Agyr hala düşen alym kellesini ýassykdan çalaja galdyryp: «Halaýyk, men amanadymy tabşyrýançam, siziň aladaňyzda. Ýöne men baka gitsem, düýe bar-a» diýip, beýik alym olara maslahat berenmiş. Hawa, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, gündogar halklarynyň asyrlarboýy saklap, ideg edip gelýän düýe malyna bolan hormaty, buýsanjy, gymmaty bu rowaýatyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Daýhan bagty (Hekaýa)

Türkmeniň saryja, jöwzaly tomsy höküm sürýärdi. Göwnüme bolmasa, ol «Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz» diýýän ýalydy. Aňyrsy-bärsine göz ýetmeýän galla meýdany lasyrdap duran kyrk gulakly äpet gazana-da, towy ýetirilen howurly tamdyra-da çalym edýär. Bugdaý gowurgasynyň, gyzgynjak tamdyr çöregiň ýakymly ysy yssy howada burk urýar, işdäňi açýar. Hawa-da, tamdyra-da çöregi gyzanda ýapylýar ahyry... Gyzgalaňly döwür bolansoň, her kim aýak aldygyna şol galla meýdanyna tarap ýönelýär. menem şolaryň biri. Ana, müňzeşip, «ýüzüp» ýören «John Deere», «Claas» traktorlaram çogly güneşiň astynda salgym atýar. Tamdyrdan çykan deý, tegelek, gyzgyn «çöregem» ho-ol bugdaýly meýdanyň aňyrsyndan, sähranyň gök gümmezi bilen sepleşýän ýerinden çykagetdin, Güne öwrülýän ýaly bolup dur.

Şygryýet älemi

Topragym Kalbyma teselli gysym gumuň seň,Ykballara şan getiren, topragym.Keremlikde bolmaz hiç bir deňiň seň,Berekedi kän getiren, topragym.

Dünýäniň iň iri we öňdebaryjy agrokompaniýasy

Dünýäniň iň öňdebaryjy iri agrokompaniýalarynyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde mynasyp paýy bar. Häzirki wagtda dünýäde meşhurlyk gazanan oba hojalyk şereketleriniň — kompaniýalarynyň arasynda iň öňdäki orun Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere» kompaniýasyna degişlidir. Bu kompaniýa ony 1837-nji ýylda esaslandyran demirçi ussa — polat azaly oýlap tapyjy Jon Diriň adyny abraý bilen göterýär hem-de uly sanawy öz içine alýan ýönekeýje oba hojalyk enjamlaryndan, gurallaryndan başlap, fermerlerdir daýhanlara uzak möhletläp hyzmat edýän kämil oba hojalyk tehnikalaryny öndürýär. Bu traktorlaryň önümçiliginde zähmetiň hiline we kabinada traktorçy üçin amatly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem dünýäde, şol sanda, biziň ýurdumyzda bu kompaniýanyň ýokary hilli we kuwwatly tehnikalaryndan giň gerim bilen peýdalanýarlar.

Geliň, örtük dakynalyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 29-na bolmagyna garaşylýan

 HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gündizine +17... +19° maýyl bolar. Howanyň basyşy 743 mm,   çyglylygy 50 — 70%.

Bag ekmek ömürden

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyzyň, welaýat we etrap merkezleriniň, obalaryň töwereginde gür tokaý zolaklaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, her ýylyň ýazky we güýzki bag ekişlik möwsüminde ildeşlerimiziň agzybirlikli gatnaşmagynda bag nahallaryny oturtmak we ösüp oturan baglara ideg etmek boýunça saldamly işler guramaçylykly ýagdaýda amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň oktýabr aýynyň 22-sinde sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkymyzyň abadan ýaşaýşyny, medeniýetli dynç almagyny, wagtlaryny hoş geçirmeklerini, aýratyn-da, howanyň düzümini arassalamak bilen birlikde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegi nygtap, ählihalk bag ekmegiň ähmiýetini belledi. Bilşimiz ýaly, 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzda 25 million düýp bag nahallary oturdylypdy. Şu ýyl ýokary derejede geçirilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli pürli we miweli baglaryň 30 million düýp artdyrylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Pagta biziň baýlygymyzdyr

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda beýleki oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda, pagtaçylyk esasy pudaklaryň biri bolup, ýurdumyz üçin onuň möhüm strategik ähmiýeti bar. Pagtaçylyk pudagynyň hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Tohumçylyk hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda» we «Pagtaçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem aýdylanlara şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaçanyň giň gerim bilen ekilmegi we pagtanyň bol hasylynyň ýetişdirilmegi, diňe bir daýhanlaryň durmuş-ykdysady şertlerini gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ondan alynýan köp sanly çig mal önümleri halk hojalygynyň dürli pudaklarynda giňişleýin ulanylyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine uly goşant goşýar.

Badymyz batlydyr ösüşleriň ýolunda

Halkymyzyň arasynda: «Planynyň toýy örän gowy sowuldy. Aýdym-sazly, köp märekeli, saçaklary bol-telki boldy» diýilýär. Megerem, geçen hepdede «Türkmenler uly toýlary tutdy...» diýip, şeýle jümleleri dünýä halklary hem zybana getiren bolsalar gerek. Goşa toýuň ýaňyny dünýä ýaýan watandaşlarymyz yzly-yzyna birbada iki sany iri taryhy desgalaryň açylyş dabarasynyň şaýatlary boldular. Bular hormatly Prezidentimiziň halkymyza şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlap, peşgeş beren Babadaýhan dokma toplumy bilen «Garagum» myhmanhanasydyr.

Türkmen oba hojalyk instituty: ylym, yhlas, ynam — bereketli hasyl

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 3-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzda güýzlük bugdaýyň, ýeralmanyň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň öndürilişini artdyrmak, ekin meýdanlaryny giňeltmek barada birnäçe tabşyryklary we görkezmeleri berdi. Şondan ugur alnyp, Türkmen oba hojalyk institutynda gök ekinleriň ösdürilip ýetişdiriliş aýratynlyklary barada ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Biz hem gazetimiziň şu sanynda ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýerleşýän ýokary bilim ojagynyň mugallymlarynyň gök-bakja ekinleriniň käbiriniň ösdürilip ýetişdirilişi barada taýýarlan ylmy makalalaryny size ýetirmegi makul bildik. Badamjan

Süýji burç

Ýokumlylygy we tagamy boýunça köpleriň söýgüsini gazanan bolgar burçunyň ýa-da süýji burçuň watany Meksika we Gwatemala hasap edilýär. Süýji burç birýyllyk ösümlik bolup, baldaklary ilki ýumşak bolýar, soňra gatap, agaçjymak häsiýete eýe bolýar. Ekilenden soň, miwe düwünçeginiň emele gelmegi üçin 50 – 60 gün gerek bolýar. Süýji burç Ýewropa ýurtlarynda XVI asyryň aýaklarynda köpçülikleýin ösdürilip başlanylýar. Burçuň miwelerinde köp mukdarda witaminler saklanylýar. Ol öz düzüminde 5 – 12 göterim gury maddalary, şol sanda 2 – 3 göterim şeker toplaýar. Ajy burçda 9 – 10 göterim gury maddalar bolup, 5 – 7 göterim şeker ýygnanýar.

Şugundyr

Nahar şugundyry. Ýapragyndan başlap, köküne çenli iýmite ýaramly bolan bu gymmatly ekiniň yrýa zady ýokdur. Nahar şugundyrynyň ýurdumyzda gök, gyzyl düýpli nahar şugundyry, ýaprak berýän şugundyr ýaly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Nahar şugundyry ikiýyllyk gök ekin bolup, birinji ýyl kök miwesini berýär. Ikinji ýyl ondan tohum alynýar. Şugundyryň irki ekişi fewralyň 25-inden martyň birinji ongünlügi aralygynda geçirilýär. Nahar şugundyryny 25–30-njy sentýabrda hem ekip, ösdürip ýetişdirmek bolýar. Nahar şugundyrynyň tohumy her gektara 10–12 kilogram, joýalaryň üstüne 2–3 setir edilip ekilýär. Joýalaryň arasy 70 santimetr bolup, tohumlaryň ekiliş çuňlugy 3–4 santimetrdir. Nahar şugundyrynyň tohumlary çyglylygy 64–66 göterim bolan toprakda, ýylylygy 16–20 dereje bolan howa şertlerinde 6–8 günden topragyň ýüzüne gämik bolup, çykyp başlaýarlar.

Çaý

Il içinde her hili häsiýetli adamlar bolýar. Olardan özüni özgelerden tapawutly görkezjek bolýanlar has göze ilginç görünýär. Şeýle adamlaryň arasynda geýýän geýimlerini mazamlamagy halaýanam, iýýän-içýänini iliňkiden tapawutly görkezjek bolýanlaram bar. Biziň obamyzda içýän çaýyny mazamlaýan biri bardy. Ol hemişe ýanynda kiçijek gutuda çaý götererdi. O mahallar il arasynda «95-lik» çaýyny has tapawutlanan kişiler içmeli diýen düşünje bardy. Şonuň üçinem kim ýanynda göterip, hemişe şol çaýdan içýän bolsa, ilden öňe saýlananlaryň hataryna «goşulardy». Men bu çaýdan henize çenli bir gezegem dadyp görmämsoň, «95-lik» çaýy şeýle bir üýtgeşik çaýdyr öýderdim. Bir üýşmeleňde ýaňky obadaşym ýörite demledip getirden çaýyndan öňki endigine görä, özüniň iki gapdalynda oturana hödür etdi. Onuň çep gapdalynda-da men otyrdym. Dogrusy, onuň hormat edip, elime tutduran ýarty käse çaýyny tolguna-tolguna içip başladym. Içimden «Birden lezzetini duýman galmaýyn» diýip, azajykdan owurtlap içdim. Onuň sagynda oturan «Baý, munuň tagamy üp-üýtgeşik eken. Çaý diýip şuňa diýäýseň!» diýip, magtamak-magtasa-da, men onuň beýleki çaýlardan asla tapawudyny duýmadym. Şol wagt «Men tagam duýmaýarmykam?» diýip, özüme müňkürligem etjek boldum. Ýöne şo pursat iýip oturan zatlarymyň tagamyny duýşum erbet däldi ahyry! Garaz, näme-de bolsa, şol iňkisim bilen öýe gaýtdym.

Saglygymyzy goralyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Mars planetasynda pomidor ýetişdirip bolar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň alymlary Florida ştatynda Mars planetasyna meňzeş meýdan döredip, şol ýerde barlag işlerini geçirdiler. Emeli Mars meýdanynda Mars planetasynyň howa basyşyny we ýylylygyny döreden alymlar bu synag meýdançasynda pomidor ösdürip ýetişdirmegi başardylar. Florida tehniki uniwersitetiniň Oldrin galaktika institutynyň we pomidor üwmejini öndürýän «Heinz» şereketiniň bilelikde geçiren barlagyndan soň, emeli Mars meýdanynda pomidorlaryň ösüp ýetişendigi mälim edildi. Ýüzlerçe düýp pomidory ösdürip ýetişdiren alymlar indi bu ýerde beýleki oba hojalyk ekinlerini hem ekip görmegi maksat edinýärler. Geljekde bu işler göni Mars planetasynyň özünde geçiriler.

Demri köpeltmek üçin

Amerikaly alymlar düzüminde demir ýetmezçilik edýän ösümliklere ýagtylygyň edýän täsirini öwrendiler. Çünki demir ösümlik üçin örän zerurdyr. Onuň bolmazlygy ýa az bolmagy fotosintez hadysasyny juda çäklendirýär. Bu bolsa hasyla hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Amerikaly professor Meri Lu Gerinonyň aýtmagyna görä, mundan beýläk düzüminde demir az bolan ösümliklere hem ýörite maddany berip bolar. Munuň üçin «fotoulgam II» diýlip atlandyrylýan beloklaryň toplumy zerurdyr. Şol beloklaryň ösümligiň düzümine garylmagy bilen, ondaky demriň mukdary ozalkysyndan 90 göterim artar.

Täze dökün

Deňiz kirpileri çuňluklardaky merjen gaýalarda ýaşaýan mör-möjeklerdir. Olar Tasmaniýanyň gündogar kenarynda juda kän we käbir deňiz haýwanlarynyň köpelmegi üçin howp döredýärler. Ýerli hökümet deňiz kirpilerini häzire çenli peýdaly maksat üçin ulanmagy başarmadyk hem bolsa, geljekde bu jandarlary dökün hökmünde ulanmagy göz öňünde tutýarlar. Has takygy, ýerli alymlar deňiz kirpileriniň düzümini öwrenip, olarda azotyň, boruň we sinkiň kändigini anykladylar. Şeýlelikde, ol mundan beýläk organiki dökün hökmünde ekerançylykda we bagçylykda peýdalanylyp bilner.