Daýhan bagty (Hekaýa)

28 Noýabr 2021
655

Türkmeniň saryja, jöwzaly tomsy höküm sürýärdi. Göwnüme bolmasa, ol «Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz» diýýän ýalydy. Aňyrsy-bärsine göz ýetmeýän galla meýdany lasyrdap duran kyrk gulakly äpet gazana-da, towy ýetirilen howurly tamdyra-da çalym edýär. Bugdaý gowurgasynyň, gyzgynjak tamdyr çöregiň ýakymly ysy yssy howada burk urýar, işdäňi açýar. Hawa-da, tamdyra-da çöregi gyzanda ýapylýar ahyry... Gyzgalaňly döwür bolansoň, her kim aýak aldygyna şol galla meýdanyna tarap ýönelýär. menem şolaryň biri.

Ana, müňzeşip, «ýüzüp» ýören «John Deere», «Claas» traktorlaram çogly güneşiň astynda salgym atýar. Tamdyrdan çykan deý, tegelek, gyzgyn «çöregem» ho-ol bugdaýly meýdanyň aňyrsyndan, sähranyň gök gümmezi bilen sepleşýän ýerinden çykagetdin, Güne öwrülýän ýaly bolup dur.

Toýjan BORJAKOW,
Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy.