Şugundyr

21 Noýabr 2021
1268

Nahar şugundyry. Ýapragyndan başlap, köküne çenli iýmite ýaramly bolan bu gymmatly ekiniň yrýa zady ýokdur. Nahar şugundyrynyň ýurdumyzda gök, gyzyl düýpli nahar şugundyry, ýaprak berýän şugundyr ýaly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Nahar şugundyry ikiýyllyk gök ekin bolup, birinji ýyl kök miwesini berýär. Ikinji ýyl ondan tohum alynýar. Şugundyryň irki ekişi fewralyň 25-inden martyň birinji ongünlügi aralygynda geçirilýär. Nahar şugundyryny 25–30-njy sentýabrda hem ekip, ösdürip ýetişdirmek bolýar. Nahar şugundyrynyň tohumy her gektara 10–12 kilogram, joýalaryň üstüne 2–3 setir edilip ekilýär. Joýalaryň arasy 70 santimetr bolup, tohumlaryň ekiliş çuňlugy 3–4 santimetrdir. Nahar şugundyrynyň tohumlary çyglylygy 64–66 göterim bolan toprakda, ýylylygy 16–20 dereje bolan howa şertlerinde 6–8 günden topragyň ýüzüne gämik bolup, çykyp başlaýarlar.

Merjen KAIPOWA,
mugallym.