Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz

28 Noýabr 2021
791

Rowaýata görä, Gündogaryň beýik alymy, Abu Aly ibn Sinanyň — Lukman Hekimiň agyr hala düşen ýagdaýyny eşiden oba adamlary onuň ýanyna baryp, hal-ýagdaýyny sorap, öz geljekki ykballary barada söhbet edipdirler. «Sen mundan baka gitseň, bize kim garaşyk eder, derdimizi kim bejerer» diýip, Lukman Hekimden sorapdyrlar. Agyr hala düşen alym kellesini ýassykdan çalaja galdyryp: «Halaýyk, men amanadymy tabşyrýançam, siziň aladaňyzda. Ýöne men baka gitsem, düýe bar-a» diýip, beýik alym olara maslahat berenmiş.

Hawa, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, gündogar halklarynyň asyrlarboýy saklap, ideg edip gelýän düýe malyna bolan hormaty, buýsanjy, gymmaty bu rowaýatyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Saparmyrat HAKMYRADOW.