Pagta biziň baýlygymyzdyr

21 Noýabr 2021
1158

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda beýleki oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda, pagtaçylyk esasy pudaklaryň biri bolup, ýurdumyz üçin onuň möhüm strategik ähmiýeti bar. Pagtaçylyk pudagynyň hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Tohumçylyk hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda» we «Pagtaçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem aýdylanlara şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaçanyň giň gerim bilen ekilmegi we pagtanyň bol hasylynyň ýetişdirilmegi, diňe bir daýhanlaryň durmuş-ykdysady şertlerini gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ondan alynýan köp sanly çig mal önümleri halk hojalygynyň dürli pudaklarynda giňişleýin ulanylyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine uly goşant goşýar.

Rejepgeldi MEREDOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory.