"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Saglygymyzy goralyň!

Howanyň üýtgemegi, yssy we sowuk howanyň aram-aram çalşyp durmagy ynsan saglygyna täsir etmek bilen, näsaglygyň ýüze çykmagyna we adam bedeninde saklanyp galan keselleriň gaýtadan işjeňleşmegine täsirini ýetirýär. Esasan-da, olar adama çalt ýokuşýandygy bilen tapawutlanýar. Näsagyň üsgürip, asgyrmagy netijesinde kesel dörediji mikroblar sagdyn adamyň dem alyş ýollaryna düşýär. Şonuň üçin özünde keseliň alamatlaryny, birahatlyk duýan her bir näsag, ilkinji nobatda, lukmana ýüz tutup, onuň görkezmeleri esasynda bejergi almalydyr.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 20-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar

3-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwletimiziň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň berkidilmegine gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynda 2021-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Halkyň Arkadagly zamanasy

Halkyň Arkadagly zamanasy — buPaýhasydyr milli Liderimiziň.Halkyň Arkadagly zamanasy — buGoşa görejidir didelerimiziň. Halkyň Arkadagly zamanasy — buAta Watanmyzyň berkararlygy.Onda il bagtynyň hamyrmaýasy,Türkmeniň özerkli, ygtyýarlygy.

Azerbaýjan gyzy, türkmen gelni — bagtyýar zamanaň bagtly zenany

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygynyň toýlanýan günlerinde ykbalyny halkymyzyň ykbaly bilen baglanyşdyryp, örküni ene topragymyza baglan, hormatly Prezidentimiziň döredýän ajaýyp mümkinçiliklerinden peýdalanyp, eşretli zamanamyzyň hözirini görýän doganlyk halklarynyň wekilleriniň bagtyýarlyga beslenen ýaşaýyş durmuşyndan söz açmagyň, olaryň buýsançly gürrüňlerini diňlemegiň diýseň lezzetlidigini, ýakymlydygyny turuwbaşdan belläsimiz gelýär. Biz munuň şeýledigine ýakynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Giýamet Akyýewa Mammad gyzyny, onuň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilip, täze pasport berilmegi we halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlamak üçin ady agzalan etrabyň raýatlary pasportlaşdyrmak baradaky hünärmeni Rahat Edilow we suratçy Döwlet Muhamow bilen bu bagtyýar zenanyň öýüne baranymyzda has hem aýdyň göz ýetirdik. Azerbaýjan Respublikasynyň Agdaş etrabynyň Kükäl obasynda doglup, kemala gelensoň, baýramalyly Begenç bilen durmuş gurup, häzirki döwürde bagtyýar maşgalanyň mukaddes ojagynyň eýesine öwrülen öý bikesi bizi türkmen myhmansöýerligi bilen garşylady we öz durmuşy hakynda uly höwes bilen gürrüň berdi:

Elguş sungaty

Türkmeniň elguş sungatynyň gadymydygyna syýahatçylaryň, alymlaryň, nusgawy şahyrlaryň galdyran ýazgylary, halk döredijiliginde getirilýän mysallar doly şaýatlyk edýär. Edebiýat çeşmelerinde görkezilişi ýaly, ýyrtyjy guşlar bilen aw awlamagyň milli tejribeleri, urp-adatlary bilen tejribeli çopanlaryň meşgullanandygy bellenilmäge mynasypdyr. «Çopan garrap guşçy bolar, guşçy garrap goşda sakçy bolar» diýen pähimden görnüşi ýaly, synçy, tejribeli çopanlar diňe bir özleriniň mallaryny bakýan ýerleriniň däl, umuman, tebigatyň howa ýagdaýlaryny, haýwanlardyr guşlaryň ýaşaýyş aýratynlyklaryny, iýmitlenişini, gezim edýän ýerlerini, hindir sürenini, höwürtge gurşuny, nesillerini ösdürip ýetişdirişini we başga-da birnäçe aýratynlyklaryny örän gowy bilipdirler. Ata-babalarymyz nesilden-nesle geçip gelýän gadymy elguş sungatynda ýurdumyzyň çäginde duş gelýän laçyna, ütelgä, gök bährä, garçygaýa, bürgüde tälim berip, olary awa taýýarlapdyrlar. Bu ýyrtyjy guşlaryň gözleriniň, çüňküniň we dyrnaklarynyň uçly hem-de ýitiligi, penjeleriniň berdaşly bolmagy tebigydyr. Ol tebigylyk bolsa awuň şowly bolmagyndaky ähli zerurlyklardyr. Mysal üçin, laçynyň gözüniň adamyň gözüne garanda, onlarça esse görgür bolmagy, awy wagtynda saýgarmaga, oňa tarap okdurylmaga oňat mümkinçilikdir.

Saglygy goldaýjy, näsaglygyň öňüni alyjy

Irki döwürlerden bäri halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýan üzärligiň dürli keselleriň öňüni almakda melhemlik häsiýeti uludyr. Onuň dermanlyk aýratynlyklary häzirki zaman ylmy tarapyndan hem doly ykrar edildi. Üzärligiň tüssesi adam saglygy üçin howply bakteriýalary ýok etmekde peýdalydyr. Üzärligiň dermanlyk häsiýetleri baradaky maglumatlar Abu Aly Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň (Jürjanynyň) «Tebipçiligiň ýankitaby», Muhammet Hüseýniň «Melhemler hazynasy» atly eserlerinde hem beýan edilipdir. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda bellenilip geçilýär. Ösümligiň düzüminde adam bedenine peýdaly täsirini ýetirýän garamalol, garmin, peganin ýaly alkaloidler, kaliý, magniý, demir ýaly makroelementler, marganes, mis, alýuminiý, nikel ýaly mikroelementler bar. Bu ösümlik nerw ulgamynyň, deri örtüginiň kesellerinde, bogunlardaky guragyryda, dürli ýokanç kesellerinde, soguljanlaryň garşysyna göreşmekde peýdalydyr.

Ýokumlylygy ýokary

Häzirki döwürde dünýäniň köp ýurtlarynda et we ýumurtga önümlerini almak üçin bedeneleriň ak we gara, iňlis, sarymtyl-goňur Awstraliýa, mermer, altynsow Manžuriýa ýaly tohumlary köpeldilip, guşçulyk toplumlarynda bakylýar we olardan ýumurtga we et önümleri alynýar. Bedenäniň ýumurtgasy ýokumlylygy we düzümindäki bar bolan witaminleriň, mikroelementleriň mukdary boýunça towugyň ýumurtgasyndan has ähmiýetlidir. Guşlaryň beýleki görnüşlerine garanda, bedeneleriň etiniň ýokumlylygy hem ýokarydyr.

Yşgyndan sabynyň taýýarlanylyşy

Kyrkbogunlar maşgalasyna degişli bolan yşgyn boýy 40 – 80 santimetre ýetýän köpýyllyk ösümlikdir. Onuň ýapraklarynyň ululygy 1,5 metre ýetýär we tohumy arkaly köpelýär. Alty-sekiz ýaşlarynda gülleýär. Ýigrimi ýyl ýaşaýar. Ýurdumyzda ösýän yşgyn, onuň adam saglygyna edýän täsiri dogrusynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda hem giňden beýan edilýär. Çaý içmek üçin bu ösümligiň köki, ýapragy ulanylýar. Ösümligiň köki ýygylan badyna gowy ýuwlup, soňra inçejik kesilmeli we kölegede guradylmaly. Ony sapaga düzüp, guratsaň hem bolýar. Soň çaý atman, yşgynyň bir özüni hem demleseň bolýar.

Köki barlaýan enjam

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ernest Lawrens adyndaky milli barlaghanasynyň alymlary ekinleriň köklerini olaryň süňňüne zyýan bermezden, barlaýan enjamy döretdiler. Enjam tomografiki elektrik skaner arkaly işleýär. «Kökleri zaýalaman, olary barlap boljakdygyny göz öňüne getiriň! Bu üstünlik mundan beýläk kökler barada aýratyn ylmyň döremegine we onuň pajarlap ösmegine ýardam eder. Şol bir wagtyň özünde bu barlaglar ösümlikleri dürli kesellerden wagtynda goramaga mümkinçilik berer» diýip, enjamy esaslandyryjylar aýdýar.

Ekerançylyk meýdanlary uçup biler

Dünýä belli «Makheileh» dizaýn studiýasy (ABŞ) ekerançylygyň häzirlikçe täsin bolan geljekki nusgasynyň ― uçýan ekerançylyk meýdanlarynyň taslamasyny görkezdi. «Uçýan meýdanlar» ylmy taýdan işlenen we delillendirilen taslamadyr. Olar daşky gurşawy hapalamak, azyk önümlerini uzak aralyklara daşamak we ekerançylyk üçin amatly ýerleriň ýokdugy ýaly meseleleri netijeli çözüp biler. «Aeroponic 2100» diýlip atlandyrylýan taslamany şäherlerde hem gurnap bolar. Umuman, olaryň tutýan meýdanyny ulaltmak ýa kiçeltmek adamlaryň öz elinde bolar.

Emeli et öndürilýär

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Emeriwil şäherinde «Upside Foods» kompaniýasy tarapyndan emeli et zawody açyldy. Bu barada «Food Business News» web sahypasy habar berýär. Zawodda bir ýylda 25 tonna emeli et öndürmek meýilleşdirilýär. «Upside Foods» kompaniýasyny esaslandyryjy Uma Waletin bolsa, emeli et önümçiliginiň ýyllyk görkezijisini 180 tonnadan hem artdyrmagy maksat edinýär.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Umman süýşýär

Dünýäde iň baý tebigatly umman umumy tutýan meýdany 178,7 million inedördül kilometre deň bolan we deňizleriň onlarçasyny özüne birikdirýän Ýuwaş ummany hasaplanylýar. Ol Günorta we Demirgazyk Amerika, Ýewraziýa, Awstraliýa, Antarktida yklymlary, şonuň ýaly-da, jemi 50 döwlet bilen araçäkleşýär. Ummanyň Demirgazyk Amerika kenarynyň suwy her ýylda 5,5 santimetr kenara tarap süýşýär. Alymlaryň çaklamagyna görä, eger-de, umman süýşmegini şu depginde dowam etdirse, onda ýene 10 million ýyldan onuň suwy San-Fransisko şäheriniň golaýyna geler. Bilermenler munuň sebäbini ummanyň Demirgazyk bölegindäki suwunyň düzüminde duzuň mukdarynyň azdygy we suwuň az bugarýandygy bilen düşündirýärler.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 06-na bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +12... +14° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 60 — 80%.

At-abraýy dünýä dolýan Watanym

26-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer 27–28-nji noýabrda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet saparyna görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Ýürekleriň we maksatlaryň birligi ÝHG-nyň aşgabat sammitinde öz beýanyny tapdy

XXI asyryň barha globallaşýan häzirki döwründe parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda sebit hem-de halkara düzümleriň işlerini ilerletmäge, döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna hem aýratyn orun degişlidir. Onuň sebit ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki mümkinçiliklerine we eýeleýän ornuna düýn — 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen 15-nji sammitiniň barşynda kabul edilen çözgütleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Iri sebitleýin ykdysady gurama bolan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ysnyşykly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, 1985-nji ýylda Pakistan, Eýran we Türkiýe tarapyndan döredildi. 1992-nji ýyldan başlap, onuň agzalygyna Owganystanyň, şeýle hem 6 ýurduň: täze garaşsyz döwletleriň – Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyz Respublikasynyň girmegi bilen bu guramanyň işi has-da işjeňleşdirildi. Şeýlelikde, 500 milliondan gowrak ilaty bolan bu sebit Ýewropanyň, Kawkazyň, Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryny öz içine alyp, Russiýany Pars aýlagy, Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirýän geosyýasy we geoykdysady artykmaçlyklara eýe boldy. 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde kabul edilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Kararnama laýyk

«Şawat» şatlyk paýlaýar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döredip, özümizde öndürilýän önümler bilen halkymyzy üpjün etmek baradaky berýän tabşyryklaryndan ugur alýan Daşoguz şäherindäki «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň süýt we süýt önümlerini öndürýän kärhanasy-da gazanýan üstünlikleri bilen hemmeleri begendirýär. Kärhananyň zähmet topary özüniň öndürýän ýokary hilli önümleriniň hasabyna ilatyň azyk harytlaryna bolan ösen islegleriniň kanagatlandyrylmagyna saldamly goşantlaryny goşýarlar. Bu ýerde öndürilýän gaýmak, gatyk, mesge ýagy, peýnir, uýadylan gaýmak, ereme peýniri, duzlanan peýnir, dorag, aýran ýaly süýt we süýt önümleri alyjylaryň arasynda uly islege eýe. Kärhana boýunça geçen ýyldaky degişli döwür bilen deňeşdireniňde, önümçiligiň ösüş depgini 152,8 göterime çenli ýokarlandy. Häzirki wagtda önümleriň görnüşleriniň sany 20-ä ýetdi. Kärhananyň agzybir işgärleri diňe bir önümleriň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak bilen meşgullanman, eýsem, olar ilata hödürlenýän harydyň hil görkezijileriniň ýokarylygyny, önümleriň ählisiniň owadan gaplarda gaplanylmagyny üpjün edýärler. Kärhanada köp ýyllardan bäri yhlasly zähmet çekip işleýän göreldeli işçi-hünärmenleriň arasynda Umyda Atajanowany, Feruza Jalalowany, Röwşen Mätiýewi we Guwanç Gurbanowy görkezmek bolar.

Ot-iýmlik gory döredildi

Maldarlar üçin gyş pasly jogapkärli möwsümleriň biri hasaplanylýar. Muňa Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň işjanly maldarlary diýseň oňat dü-şünýärler. Olar şu günler gyş möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, mallaryň baş sanyny artdyrmak, gyşladyljak ýerlerinde agyllaryň 49-synda, kaşarlaryň 9-synda, sygyr ýataklarynyň 68-sinde we düýe agyllarynyň 7-sinde abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirdiler. Bu işde etrabyň Magtymguly, Şaja Batyrow adyndaky, «Ýeňiş», «Mürçe» daýhan birleşikleriniň işjanly maldarlary has hem görelde alarlykdyr. Olar «Näz depe», «Sabyr», «Garry kak», «Meňen», «Goşa-kak», «Alagol» öri meýdanlarynda mallary bakmak bilen, mallaryň baş sanyny artdyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Şonuň üçin hem zähmetsöýer maldarlar jemgyýetçilik mallaryna eýeçilik gözi bilen garaýarlar. «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýen pähimden ugur alýan maldarlar, çopan-çoluklar bu jogapkärli möwsümiň gyş aladalaryny irgözinden edýärler. Zerur bolan ätiýaçlyk ot-iýmleri mallaryň gyşladyljak ýerlerine eltdiler. Munuň özi işjanly maldarlaryň işlerini ep-esli ýeňilleşdirdi. Möwsümiň dowamynda çopan goşlaryna daýhan birleşikleri tarapyndan ýardamçy kömekçileriň berilmegi ýagynly, ýagmyrly günlerde çopanlaryň işlerine uly kömek bolar.

Narly obanyň bagbany

Türkmen topragy — hazynaly hum. Diýarymyzyň güneşe baý howasy, kesewini dürtseň gögerdýän sahy topragy, damjasy altyna deňelýän melhem suwy bar. Şu aýdylanlary utgaşdyryp, topraga bereket tohumyny sepip, zähmet derini siňdirip, dürli ekinleriň, gök-bakja we miwe önümleriniň bol hasylyny ýetişdirýän kärendeçi daýhanlar hem sanardan köp. Ynha, şeýle tejribeli bagbanlaryň biri-de, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Ak goňur geňeşliginiň bagbany Çörnazar Ataýewdir. Bize Çörnazar aganyň iş wagtynda armasyny ýetirip, tejribe alyşmak maksady bilen, söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Ýetmişiň onundan giren baýry bagbanyň ýyllarboýy zähmet siňdirip ýetişdiren baglaryna nazaryň düşende gözüň dokunýar. Çörnazar aganyň baglarynyň agramly bölegi nar agaçlary bolup durýar. Miwesini göterip bilmän oturan nar agaçlaryna ýörite söýget edilipdir. Bu behişdi miwäniň bol hasylynyň ýetişdirilişi, agrotehniki hyzmatlary dogrusynda Çörnazar aga öz çekýän zähmetinden lezzet alyp, giňişleýin gürrüň berdi. Ol: