At-abraýy dünýä dolýan Watanym

28 Noýabr 2021
800

26-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer 27–28-nji noýabrda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet saparyna görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

«Bereketli toprak».