"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Iňňe balyk

Täsinliklere baý bolan tebigatyň ýene-de bir ajaýyp wekili hasaplanylýan pökgiýaňakly iňňe balygy (latynça, Syngnathus abaster) iňňeliler maşgalasyna degişli bolup, ol ylmy çeşmelerde «Kiçi iňňe balygy», «Italýan iňňe balygy» atlary bilen tanalýar. Pökgiýaňakly iňňe balygy Atlantika ummanynyň Ýewropa kenarýakalaryndaky aýlaglarda, Ortaýer, Gara, Azow deňizlerinde, Dunaý, Dnepr, Ural, Wolga derýalarynyň aşaky akymlarynda, Türkmenistanyň çäginde Hazar deňzinde giňden duş gelýär. Balygyň bu görnüşiniň bedeni inçeden gelen süýnmek bolup, uzynlygy adatça 15 santimetre, kähalatlarda bolsa 21 — 23 santimetre çenli ýetýär. Beýleki deňiz iňňeli balyklardan tapawutlylykda onuň iňňeleri gysga bolýar. Gözleri örän kiçijik. Bedeniniň reňki agymtyl ýa-da garamtyl nokatlary bolan goňur reňkden ýaşyl reňke çenli üýtgeýär. Bedenindäki kese zolaklary guýrugyna çenli dowam edýär. Pökgiýaňakly iňňe balygynyň ýüzgüçleri bolmaýar.

Saglyk — baýlyk

1. Şahsy gigiýenanyň kadalaryna berk eýeriň! 2. Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Gadyrly okyjylar!

2022-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Bereketli toprak» gazetine elektron görnüşde abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini habar berýäris. «Bereketli toprak» gazetiniň elektron neşirine 2022-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygyna «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda we onuň «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen, «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» atly bukja arkaly ýazylyp bolýandygyny ýatladýarys. «Bereketli toprak» gazetiniň elektron neşirine abuna ýazylmak arkaly, şol bukjada ýurdumyzyň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini hem okap bolýar. Şeýle-de, şol neşirleriň ählisini «PDF» nusgasynda ýükläp alyp bilersiňiz.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 19-na bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +4... +6° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Janyňyz sag bolsun!

ELLERIŇIZI ÝYGY-ÝYGYDAN ÝUWUŇ! Elleriň tämizligi biziň, saglygymyzyň ilkinji şertleriniň biri. Çünki biz günüň dowamyndaky işleriň aglabasyny ellerimiz bilen ýerine ýetirýäris. Şonuň üçin hem olary günüň dowamynda birnäçe gezek ýuwmak, zyýansyzlandyrylan çygly süpürgiç bilen süpürip durmak saglygymyz üçin peýdalydyr.

Azyk bolçulygy pugtalandyrylýar

10-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda başlanan täze, 2022-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew hem-de welaýatlaryň häkimleri amala aşyrylan işler dogrusynda hasabat berdiler. Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew dagy çykyş edip, sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa ideg edilişi, gowaçadan boşan ýerlerde ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly: ak arzuwlara beslenip, ykballary galkyndyrýar!

Zeminde adamzat ösüşiniň hem-de medeniýetiniň iň gadymy ojaklarynyň biri bolan türkmen topragy Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn, «Halkyny Gün kibi çoýýan» hormatly Prezidentimiziň saýasynda gülleýär, gül açýar, uly-uly ösüşlerdir özgerişleri başdan geçirýär. Dünýä döwletleriniň ösüşine öz täsirini ýetirýär, oňa saldamly goşant goşýar. Ata Watanymyzda gazanylýan her bir belent sepgitleriň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň goldaw-hemaýatlary, ýadawsyz zähmeti, döwrüň badyna tizlik berýän başlangyçlary, jöwher parasady durandyr. Olaryň özen-sütüniniň watansöýüjilikden hem ynsanperwerlikden gözbaş alýandygyny halkymyz her bir ädimde görüp, duýup, bu belent hakykatdan ruhy güýç alyp ýaşaýar. Bu ruhubelentlik syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynda gazanylýan taryhy ýeňişlere-de egsilmez güýç bolup goşulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyz, agzybir halkymyz, umuman, tutuş adamzat üçin edýän bimöçber aladalaryna seslenip, watandaşlarymyz milli Liderimiziň daşyna has-da jebisleşýärler.

Daşky gurşawy goramagyň kanunçylyk binýadyna saldamly goşant

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren taryhy duşuşygynda, şeýle hem 2020-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň Kanunlaryna täzeden seredip, olary döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny işlenilip taýýarlanyldy. Ýurdumyzyň we Hazar deňziniň türkmen böleginiň çäklerinde tebigy, erkin ýagdaýda ýaşaýan aw haýwanlaryny köpeltmek, döwletiň aw baýlyklaryny goramak we rejeli peýdalanmak, şeýle-de ýurdumyzda seýrek duş gelýän, ýitip barýan ýa-da ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlary gorap saklamak, genofonduny dikeltmek hem-de durnukly peýdalanmak, aw awlamagyň berk düzgünlerini girizmek bilen, aw baýlyklaryny gorap saklamak babatda geçirilýän çäreleriň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan 2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda kabul edildi hem-de 2021-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde makullanyldy.

Parahat dünýäň aýnasy

Bu gün eziz Diýarymyň,Dünýä dolýar owazasy.Ak ýollara rowanHalkyň   Arkadagly zamanasy! Berekediň mekanydyr,Gadym türkmeniň ýaýlasy.Dowamata dowam Halkyň   Arkadagly zamanasy!

Şa gadamy — döwletlilik

Mundan 12 gün ozal Täze ýyly — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny uly toý-baýrama besläp garşyladyk. Mälim bolşy ýaly, geçen hepdede milli Liderimiz ýurdumyzyň sebitlerine täze ýyldaky ilkinji iş saparlaryny amala aşyrdy. Şol saparlaryň çäginde, has takygy, Lebap welaýatynda hormatly Prezidentimiziň Garagumuň jümmüşinde düýe bakyp ýören sarwan bilen bolan duşuşygy ýakymly pursatlary bilen ýüreklerimizde-de, gözlerimizde-de hemişelik galdy. Arkadag Prezidentimizi goşunda garşylan çopan Aýmyrat Paşşykow bilen döwletli ojagynda söhbetdeş bolanymyzda ýüregine dolan buýsanjy ol şeýle beýan etdi: — Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň şeýle kändigine garamazdan, ýaýylyp ýatan sähramyza gelip, çopanlaryň hal-ahwaly bilen gyzyklanmagy belent ynsanperwerlikden nyşan. Dogry, biz her pursatda milli Liderimiziň özümiz üçin edýän aladalaryny duýup ýaşaýarys. Döredilýän mümkinçilikler, berilýän ýeňilliklerdir kömekler alyp barýan asylly işimize uly goldaw bolýar. Şolaryň daşyndan hem hormatly Prezidentimiziň goşumyza gelip, işimiz bilen gyzyklanmagy başymyzy göge ýetirdi. Bu waka diňe bir meni ýa-da maşgalamy däl, ýurdumyzyň ähli künjegindäki kärdeşlerimizi — çopanlary begendirdi. Bu waka Gahryman Arkadagymyzyň olaryň her biriniň hal-ahwaly bilen çynlakaý gyzyklanýandygynyň subutnamasydyr.

Her düýpden ýüzlerçe kilogram limon

Hormatly Prezidentimiziň bazar bolçulygyny döretmek, bütin ýylyň dowamynda halkymyzy ter gök önümler bilen üpjün etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, ýyladyşhana şertlerinde azyk önümlerini ösdürip ýetişdirýän oba hojalykçylar hem az däl. Şolaryň biri hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýaşaýjysy Ýazmyrat Mämedowdyr. Onuň A.Ataýew adyndaky geňeşlikde ýerleşýän ýyladyşhanasynda limon ýetişdirilýär. Ýazmyrat aganyň gürrüň bermegine görä, ýyladyşhanada 2000-nji ýyldan bäri limon baglary ösdürilip, olardan bol hasyl alynýar. 1 gektara golaý meýdany eýeleýän ýyladyşhanada Ýazmyrat aganyň maşgala agzalary, ogullary bilen agtyklary zähmet çekip, limonyň tagamly, durnukly sortuny ösdürip ýetişdirýärler. Limonlar ýylyň oktýabr aýlaryndan başlap, mart aýlaryna çenli bol hasyl berýär. Onuň 35-e golaý düýbi bolup, her düýpden ýüzlerçe kilogram hasyl ýygnalýar. Geçen ýylyň dowamynda limonyň 18 tonnadan gowragy halk köpçüligine ýetirildi. Häzirki döwürde bu ýyladyşhanada limonyň bol hasyly ýetişip, işiň gyzgalaňly döwri dowam edýär. Bu işlerde Ýazmyrat Mämedow maşgala agzalary bilen yhlasly zähmet çekýärler. Olar halal zähmet çekip, bolelin durmuşda ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.

Wepalylygyň hem-de batyrlygyň keşbi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde türkmen alabaýyny wasp edýän milli nagyşlary ylmy taýdan öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen arheologiýa barlaglarynyň netijesinde taryhçylar türkmen alabaýynyň galdyran yzlaryny, şeýle hem onuň gadymy haly göllerindäki şekillerini ýüze çykardylar. Şolaryň hatarynda Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynyň töweregindäki gadymy daş asyryna degişli bolan Pessejikdepe ýadygärliginiň diwar bezeginde ýüze çykarylan byçgynyň dişiniň şekilinde setir bolup gidýän öýjagazlary suratlandyrýan «It ýatak» göli bar.

Gowurdak

Pederlerimizden miras galan «Ýazyň ýuwundysy gyşa gatyk» diýen ýaly pähimli sözlerini başyna täç eýleýän türkmen zenanlary süýt we süýt önümlerinden peýnir, mesge, süzme, saryýag, agaran, çal, aýran ýaly azyk tagamlary taýýarlamagyň ussatlary hasaplansalar, zähmetsöýer çarwadarlarymyz et we et önümlerinden lezzetli tagamlaryň onlarçasyny bişirip bilipdirler. Çekdirme, şara, kebap, şor suw, börtme, dolama, çişlik diýen ýaly tagamlarymyz diňe sap etiň özünden taýýarlanyp, agyzlara maza beripdir. Diýseň datly, islendik pasylda janyňa lezzet berýän, gyssanan halatyňda taýyn naharyň hasaplanýan gowurdak etden bişirilýän nygmatlaryň naýbaşysydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen çap edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda gowurdak barada şeýle jümleler bar: «...Kiçiräk böleklere bölünen et öz ýagynda gowrulypdyr. Soňra ol ýörite işlenip taýýarlanýan goýnuň garnyna, soňky döwürlerde bolsa içi syrçaly gaplara ýerleşdirilipdir. Yssy howa şertlerinde şeýle usulda taýýarlanan et örän uzak wagtlap saklansa-da, özüniň ýokumlylyk häsiýetini ýitirmändir. Islendik şertlerde çölde ýa-da dagda bolsun, tapawudy ýok, ýokumly etli nahar taýýarlamak üçin gowurmanyň birnäçe bölegi ýeterlikdir».

Gökenli ýatlamalar

Dogrusy, eýesine wepalylygy, akyllylygy bilen bu itiň ady rowaýata öwrülip galdy. Gökeni Kürşenoý obasynyň adamlary şindi-şindilerem ýatlaýarlar. Ýogsam näme, obamyzda ýeke ýaşaýan Aky aganyň bar guwanjy hem daýanjy bolan Göken özi barada köp sanly ýakymly ýatlamalary galdyrypdy. Aýtmaklaryna görä, Aky aga Gökeni güjük mahaly çarwa obasyndaky çopan dostlarynyň birinden alypdyr. Özünem gulagyndan tutup göterip görjegem, agzyny açyp içine seretjegem bolman, iň dogumly güjügi onuň enesine saýladypdyr. Ulalanda iň daýaw, akylly it boljak güjügi saýlamakda öňden gelýän halk tejribesini ulanypdyr. Täze dogan güjükleri itiň keteginden çykaryp, 40 – 50 ädimlikde goýup gaýdypdyrlar. Itiň emaý bilen agzynda dişläp, yzyna ilki getiren güjügem Göken bolup çykypdyr. Onam Aky aga alyp gaýdypdyr.

Düýedarçylykda möhüm möwsüm

Düýeleriň baş sanyny artdyrmak köp derejede olaryň höwür möwsüminiň guramaçylykly geçirilişine bagly. Düýeleriň gysyr galmazlygy üçin höwür möwsümini öz wagtynda we dogry guramak gerek. Düýe maly özüniň biologiki aýratynlygy boýunça çalt köpelýän mallaryň hataryna girmeýär. Ýaş inen düýeler 3 ýaşynda birinji gezek, uly ene düýeler bolsa, ýylaşa höwre gidýärler.

Bathyzyň myhmanlary

Asmanda erkin ganat ýaýyp, uçýan guşlar tebigatyň bezegi. Biziň ýurdumyzda guşlaryň 400-den gowrak görnüşi bar. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda guşlaryň 258 görnüşi ýaşaýar. Guşlaryň hemme görnüşiniň umumy sanynyň üçden birine golaýy oturymly, takmynan, üçden ikisi bolsa, göçüp gidýän ýa-da gyşlamaga gelýän guşlardyr. Ýurdumyza sowuk howanyň aralaşmagy bilen, Bathyzda hem gyşlaýan guşlaryň 10-dan gowrak görnüşi peýda bolýar. Gyşlamaga gelýän müňlerçe ekinçi garga ýa-da uly garga ýaly birnäçe gargalaryň görnüşlerini, ýyrtyjylardan bolsa garaguş, sähra garaguşy, kiçi guşlardan garapetekeli jokjoky, üşegenje ýaly ganatlylara duşýarys.

Gawunçy (Hekaýa)

Ol sürlen meýdany synlap durşuna, traktorçynyň ýanyndan gidenini hem aňşyrman galdy. Birhaýukdan seretse, ol taýak atym öňdäki depeden öwrülip, gözden ýitipdir. Diňe «polat atynyň» tarryldysy eşidilýär. Ýigidiň nazary ýene-de sürlen ýere gönükdi. Ýüreginiň joşgunyny dile getirdi: «Sürlen meýdan, gör, nähili mährem görünýär. Synlap bilene gözellik kemi ýok, ylla diýersiň, sünnälenip çekilen keşdäň bar-da!» diýip, ol aşak oturdy. Çygly toprakdan bir owuç aldy-da, ony üç mertebe alnyna syldy. Soňra elini burnuna golaýlatdy-da: — Mundan müň bir gülleriň müşki gelýär. Keremiňden aýlanaýyn, ene topragym, indi men senden tamdyrdan ýap-ýaňyja çykan mele-myssyk çöregiň ysyny alýaryn!

Büzmeýin kişmişi

Üzümden taýýarlanýan kişmiş datlylygy bilen tapawutlanýar. Oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, alym Allamyrat Esenowyň «Babadaýhan mirasy» atly kitabynda kişmişiň ak kişmiş, bidäne, ak çybyk, gyzyl türkmen kişmişi, gara kişmiş, gyzyl çybyk, gyrmyzy kişmiş, al kişmiş, maýda kişmiş ýaly dürli görnüşleriniň bardygy bellenilýär. Şolaryň biri hem sary reňkli Büzmeýin kişmişidir. Bu kişmiş Ahal sebitinde bitýän peýweri, sary üzüm, gara üzüm, gyzylsapak, dagtokga, Köpetdagyň ýabany üzümi ýaly dürli görnüşli üzümlerden taýýarlanylýar. Güne serlip, kakadylan Büzmeýin kişmişi aýratyn nygmat hökmünde türkmen desterhanynyň bezegidir. Ol çaýyň gapdaly bilen iýlende, dürli işdäaçarlara, süýjülikler we palaw ýaly tagamlara goşulanda, şeker ýaly lezzeti uzak wagtlap agzyňdan gitmeýär.

Saglygymyzy goralyň!

1. Şahsy gigiýenanyň kadalaryna berk eýeriň! 2. Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

ABUNA — 2022

«Bereketli toprak» gazetiniň gadyrly okyjylary! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe neşir edilýän «Bereketli toprak» hepdelik gazetiniň çap görnüşine 2022-nji ýylyň birinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini habar berýäris. Redaksiýanyň agzybir işgärleri hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwletli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda gazanylýan üstünlikleri, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanyşy, obalardyr etraplaryň abadanlaşdyrylyşy baradaky täsirli makalalary, habarlary we suratlary gyzgyny bilen okyjylara ýetirmäge çalyşýarlar.