Her düýpden ýüzlerçe kilogram limon

11 Ýanwar 2022
1000

Hormatly Prezidentimiziň bazar bolçulygyny döretmek, bütin ýylyň dowamynda halkymyzy ter gök önümler bilen üpjün etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, ýyladyşhana şertlerinde azyk önümlerini ösdürip ýetişdirýän oba hojalykçylar hem az däl. Şolaryň biri hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýaşaýjysy Ýazmyrat Mämedowdyr. Onuň A.Ataýew adyndaky geňeşlikde ýerleşýän ýyladyşhanasynda limon ýetişdirilýär. Ýazmyrat aganyň gürrüň bermegine görä, ýyladyşhanada 2000-nji ýyldan bäri limon baglary ösdürilip, olardan bol hasyl alynýar. 1 gektara golaý meýdany eýeleýän ýyladyşhanada Ýazmyrat aganyň maşgala agzalary, ogullary bilen agtyklary zähmet çekip, limonyň tagamly, durnukly sortuny ösdürip ýetişdirýärler.

Limonlar ýylyň oktýabr aýlaryndan başlap, mart aýlaryna çenli bol hasyl berýär. Onuň 35-e golaý düýbi bolup, her düýpden ýüzlerçe kilogram hasyl ýygnalýar. Geçen ýylyň dowamynda limonyň 18 tonnadan gowragy halk köpçüligine ýetirildi. Häzirki döwürde bu ýyladyşhanada limonyň bol hasyly ýetişip, işiň gyzgalaňly döwri dowam edýär. Bu işlerde Ýazmyrat Mämedow maşgala agzalary bilen yhlasly zähmet çekýärler. Olar halal zähmet çekip, bolelin durmuşda ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.

Läle IŞANKULYÝEWA,
TAP-nyň Görogly etrap komitetiniň baş hasapçysy.