Gökenli ýatlamalar

11 Ýanwar 2022
640

Dogrusy, eýesine wepalylygy, akyllylygy bilen bu itiň ady rowaýata öwrülip galdy. Gökeni Kürşenoý obasynyň adamlary şindi-şindilerem ýatlaýarlar. Ýogsam näme, obamyzda ýeke ýaşaýan Aky aganyň bar guwanjy hem daýanjy bolan Göken özi barada köp sanly ýakymly ýatlamalary galdyrypdy.

Aýtmaklaryna görä, Aky aga Gökeni güjük mahaly çarwa obasyndaky çopan dostlarynyň birinden alypdyr. Özünem gulagyndan tutup göterip görjegem, agzyny açyp içine seretjegem bolman, iň dogumly güjügi onuň enesine saýladypdyr. Ulalanda iň daýaw, akylly it boljak güjügi saýlamakda öňden gelýän halk tejribesini ulanypdyr. Täze dogan güjükleri itiň keteginden çykaryp, 40 – 50 ädimlikde goýup gaýdypdyrlar. Itiň emaý bilen agzynda dişläp, yzyna ilki getiren güjügem Göken bolup çykypdyr. Onam Aky aga alyp gaýdypdyr.

Şöhrat ABDYÝEW,
«Bereketli toprak».