«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly: ak arzuwlara beslenip, ykballary galkyndyrýar!

11 Ýanwar 2022
491

Zeminde adamzat ösüşiniň hem-de medeniýetiniň iň gadymy ojaklarynyň biri bolan türkmen topragy Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn, «Halkyny Gün kibi çoýýan» hormatly Prezidentimiziň saýasynda gülleýär, gül açýar, uly-uly ösüşlerdir özgerişleri başdan geçirýär. Dünýä döwletleriniň ösüşine öz täsirini ýetirýär, oňa saldamly goşant goşýar.

Ata Watanymyzda gazanylýan her bir belent sepgitleriň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň goldaw-hemaýatlary, ýadawsyz zähmeti, döwrüň badyna tizlik berýän başlangyçlary, jöwher parasady durandyr. Olaryň özen-sütüniniň watansöýüjilikden hem ynsanperwerlikden gözbaş alýandygyny halkymyz her bir ädimde görüp, duýup, bu belent hakykatdan ruhy güýç alyp ýaşaýar. Bu ruhubelentlik syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynda gazanylýan taryhy ýeňişlere-de egsilmez güýç bolup goşulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyz, agzybir halkymyz, umuman, tutuş adamzat üçin edýän bimöçber aladalaryna seslenip, watandaşlarymyz milli Liderimiziň daşyna has-da jebisleşýärler.

Gülälek ALLAKULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.