Şa gadamy — döwletlilik

11 Ýanwar 2022
459

Mundan 12 gün ozal Täze ýyly — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny uly toý-baýrama besläp garşyladyk. Mälim bolşy ýaly, geçen hepdede milli Liderimiz ýurdumyzyň sebitlerine täze ýyldaky ilkinji iş saparlaryny amala aşyrdy. Şol saparlaryň çäginde, has takygy, Lebap welaýatynda hormatly Prezidentimiziň Garagumuň jümmüşinde düýe bakyp ýören sarwan bilen bolan duşuşygy ýakymly pursatlary bilen ýüreklerimizde-de, gözlerimizde-de hemişelik galdy. Arkadag Prezidentimizi goşunda garşylan çopan Aýmyrat Paşşykow bilen döwletli ojagynda söhbetdeş bolanymyzda ýüregine dolan buýsanjy ol şeýle beýan etdi:

— Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň şeýle kändigine garamazdan, ýaýylyp ýatan sähramyza gelip, çopanlaryň hal-ahwaly bilen gyzyklanmagy belent ynsanperwerlikden nyşan. Dogry, biz her pursatda milli Liderimiziň özümiz üçin edýän aladalaryny duýup ýaşaýarys. Döredilýän mümkinçilikler, berilýän ýeňilliklerdir kömekler alyp barýan asylly işimize uly goldaw bolýar. Şolaryň daşyndan hem hormatly Prezidentimiziň goşumyza gelip, işimiz bilen gyzyklanmagy başymyzy göge ýetirdi. Bu waka diňe bir meni ýa-da maşgalamy däl, ýurdumyzyň ähli künjegindäki kärdeşlerimizi — çopanlary begendirdi. Bu waka Gahryman Arkadagymyzyň olaryň her biriniň hal-ahwaly bilen çynlakaý gyzyklanýandygynyň subutnamasydyr.

Söhbetdeş bolan Maral AKMYRADOWA,
öz habarçymyz.