"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 12-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser.     Howa gijesine +3... +5°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Ýylymyz düşümli geldi

hormatly Prezidentimiziň mübärek gadamy Mary welaýatyna düşdi 3-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň KARARY

2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan etmek hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senenamasyna baky öçmejek altyn harplar bilen ýazylýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň ýokary ruhubelentlikde, uly buýsanç bilen dabaraly bellenilip geçilmegi öz milli Lideriniň töweregine has-da mäkäm jebisleşen türkmen halkynyň agzybirliginiň we yhlasly zähmetiniň netijesinde ýurdumyzyň gysga döwrüň içinde gazanan beýik ösüşlerini, ýeten belent sepgitlerini bütin dünýäde dabaralandyrdy.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» — ýürekleriň buýsançnamasy

«Halklar — bir jebis maşgala» Biziň ählimiziň owazymyzam, heňimizem, sözümizem, sazymyzam, maksadymyzam, badymyzam birdir – öňe gitmekdir, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan taryhy syýasatynyň rowaçlanmagyna, milli ykdysadyýetimiziň ilerlemegine özümiziň jogapkärçilik bilen mynasyp goşant goşmagymyzdyr.

Öz halkyna bagt eçilýän, Arkadag! Size baky şöhrat, Size baky şan!

Döwran ÝAZLYÝEW, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň çopany:

Gar tozgajygy hakynda

Gar tozgajyklary gurluşy boýunça 5 – 6 granly, iňňe ýaly inçe, göni çyzykly görnüşde, käte übtük şekilli bolup bilýär. Bu ýagdaý howanyň temperaturasyna, basyşa, çyglylyga, bulutlaryň ýerleşiş derejesine görä üýtgeýär. Howanyň temperaturasy –5, –10 gradus peselende gar tozgajyklary iňňe şekilli, –10, –12 gradus derejede übtük şekilli bolýar. Olaryň arasynda iň owadany 6 granly, ýyldyz şekilli gar tozgajygy bolup, ol has sowuk –12, –18 gradus derejede ýagýar. Gar tozgajyklary ýerden bugaryp, ýokary galan suw bölejikleridir. Olar sowuklygy –40 gradusa deň bolan bulutlara ýetenlerinde doňup, gar tozgajyklaryna öwrülýärler we howanyň temperaturasynyň peselmegi netijesinde ýere ýagýarlar.

Gijeki älemgoşar

Gijelerine peýda bolýan älemgoşar «Aý älemgoşary» ýa-da «Gijeki älemgoşar» diýlip atlandyrylýar. Aý älemgoşary tebigatda seýrek duş gelýän ýagdaýdyr. Ol ýagtylyk, çyglylyk we ýagtylygyň burçy ýaly ýörite şöhleleriň bilelikde deň düşmeginiň netijesinde peýda bolýar. Aý älemgoşary garaňkyda köplenç ak reňkli ýagtylyk ýaly görünýär. Tutuş Ýer ýüzi boýunça bu ýagdaýyň sazlaşykly döreýän ýerleri gaty azdyr. Gijeki älemgoşaryň köp peýda bolýan ýerleriniň biri-de, ABŞ-nyň Kentukki ştatyndaky «Kamberlend-Folls» goraghanasydyr. Edil gündizine görünýän ýönekeý älemgoşar ýaly, gijeki älemgoşar hem ýagtylygyň suwuň millionlarça mikroskopiki damjalaryndan geçende döwülmesiniň netijesidir. Suw bölejikleriniň we dolan Aýyň şöhlesiniň biri-birine garşy bolmagy netijesinde Aý älemgoşary emele gelýär. «Kamberlend-Folls» goraghanasynda Niagara şaglawugy ýerleşýär, onuň her sekuntda 100 metr kub suw gaýdýan ýerinde gijeki älemgoşaryň peýda bolýandygyny görmek bolýar. Goraghana şäherden uzakda ýerleşýär. Bu bolsa Aý älemgoşarynyň aýdyň emele gelmegine şert döredýär. Zambiýanyň çägindäki Wiktoriýa, Demirgazyk Amerikadaky Ýosemit şaglawuklarynyň töwereginde gijeki älemgoşar ýygy-ýygydan emele gelýär. Doly Aý emele gelenden 2 – 3 güne çenli günde gijesine Aý älemgoşaryny synlap bolýar. Şeýle älemgoşaryň has aýdyň keşbini dolan Aý emele gelende, Gün dogmanka we ýaşandan soň görmek mümkin.

Kanada dik fermalary gurmaga girişýär

Kanadanyň «GoodLeaf Farms» kompaniýasy Alberta sebitiniň Kalgari şäherinde täze ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin dik fermanyň gurluşygyna başlady. 74 müň inedördül metr meýdany bolan ferma daşyndan adaty ammara çalym edýär. Ol gidroponiki, aeroponiki şertlerde adaty fermadan 50 esse köp ösümligi ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. «GoodLeaf Farms» diýlip atlandyrylýan ferma adaty ekinzarlyga garanda, suwy 95 göterim tygşytlap bilýändigi bilen tapawutlanýar. Bu ferma işe başlansoň, bu ýerde 70 adama iş orny dörär.

Sanly tehnologiýa girdejini artdyrar

Ispaniýanyň Oba hojalygy, balykçylyk we azyk ministrliginiň habar bermegine görä, ýurduň maldarçylyk pudagy 2020-nji ýylda 20,2 milliard ýewro girdeji gazandy. Kataloniýa uniwersitetiniň hünärmenleriniň pikiriçe, emeli intellektiň we pudaga has ösen dolandyryş tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen bu girdejini has-da artdyryp bolar. Munuň üçin emeli intellekti ulanmak, gözegçilik üçin akylly datçikler bilen bilelikde gaýtadan işlemek ýaly usullar ornaşdyrylar. Bu çäreler maldarçylyk hojalyklarynyň girdejisini ýokarlandyrar.

Kofe tejribehanada öndüriler

Finlýandiýanyň Tehniki gözleg merkeziniň alymlary bioreaktorlarda kofe döretmegiň täze tehnologiýasyny işläp düzmäge girişdiler. Täze önümçilik üçin çig mal kofe dänejikleri däl-de, biotejribehanada taýýarlanan, guradylan toz bolar. Mundan beýläk, bu tozy kofeniň ornuna demläp, içip bolar. Ol kofeniň tagamyny we lezzetini berer.

Ýyladyşhanada robotlar işlär

Awstraliýanyň Murdok uniwersitetiniň alymlary ýyladyşhanada işlejek robotlary döredýärler. Bu barada uniwersitetiň wekili Haý Wang: «Robotlar kameralardyr datçikler bilen üpjün edilýär. Olar gije-gündiz ekiniň arasynda bolup, onuň ýagdaýy baradaky maglumatlary merkeze «iberer» diýip, täze robotlaryň wezipesini düşündirdi. Alymyň aýtmagyna görä, robotlar emeli aňa esaslanýan nawigasiýa ulgamynyň kömegi bilen, ýyladyşhanada özbaşdak hereket edip biler. Olardaky kameralar ösümlikleri dürli ýaşda surata alyp, ösüşe gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. Robotlar ösümlikleriň ösüşinden başga-da, olaryň düzümindäki hlorofiliň mukdaryny, gülleýän wagtyny, kömürturşy gazynyň ýapraklara siňiş tizligini kesgitlemäge hem ýardam berer.

ABUNA — 2022 «Bereketli toprak» gazetiniň gadyrly okyjylary!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe neşir edilýän «Bereketli toprak» hepdelik gazetiniň çap görnüşine 2022-nji ýylyň birinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini habar berýäris. Redaksiýanyň agzybir işgärleri hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwletli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda gazanylýan üstünlikleri, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanyşy, obalardyr etraplaryň abadanlaşdyrylyşy baradaky täsirli makalalary, habarlary we suratlary gyzgyny bilen okyjylara ýetirmäge çalyşýarlar. «Bereketli toprak» gazeti siziň ýakyn maslahatçyňyzdyr. Onuň bilen her hepdede duşuşmak üçin gazetiň abunaçysy boluň! Gazetiň abuna ýazylyşygynyň indeksi — 69508. Gazetiň ýarym ýyllygynyň bahasy 7 manat 80 teňňe. Abuna ýazylyşyk «Türkmenpoçtanyň» ýerlerdäki kärhanalarynda geçirilýär.

Saglygymyzy goralyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 05-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +2°, gündizine +6... +8° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 70 — 90 %.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene-de az salymdan biz üstünliklere beslenen şu ýyl bilen hoşlaşyp, täze — 2022-nji ýyly uly şatlyk we arzuw-umytlar bilen garşylarys.

Jan Watanym Türkmenistan!

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW Jan Watanym Türkmenistan!

Bolçulyk, elýeterlilik desterhanlarymyzyň berekedidir

24-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmak, bazarlardaky we dükanlardaky harytlaryň nyrhlaryny görmek, oba ýerlerinde bar bolan soraglary öwrenmek boýunça beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna iş saparlarynyň amala aşyrylandygyny, şolaryň dowamynda bazarlaryň, beýleki söwda nokatlarynyň işleri bilen tanşylandygy barada hasabat berdi.

Daýhan baýaýar — döwlet baýaýar

«Şory döredýänem suw, eredýänem» diýen nakyldan görnüşi ýaly, ýer we suw serişdelerini tygşytly we oýlanyşykly ulanmagyň örän wajypdygy beýan edilýär. Şonuň üçin ýeri netijeli we suwy tygşytly peýdalanmak döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe suw hojalygy babatynda ýurdumyzda birnäçe iri gurluşyklar alnyp baryldy we häzirki wagtda hem dowam etdirilýär. Suw gorlaryny tygşytly peýdalanmak üçin birnäçe desgalar gurulýar, bar bolanlarynyň göwrümleri giňeldilýär. Zamanamyzyň esasy suw gurluşyklarynyň biri hem «Altyn asyr» Türkmen kölüdir. Bu kölüň şorlaşan suwlary özüne toplamagy ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, topragyň şorlaşmagy, batgalygyň döremegi bilen bagly we beýleki köp sanly meseleleri çözmekde uly ähmiýete eýedir. Elbetde, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagy bilen ekinleriň hasyllylygy ýokarlanýar. Esasy bellemeli zat «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda daşky gurşawa aýawly garamak boýunça möhüm işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen köli diňe bir biziň ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyna täsir etmän, Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa ýagdaýyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Bu köl döwletimiziň ekologiýa meselesiniň esasy çözgüdidir.

Parahat durmuşdyr hemmäň geregi

Üç müňünji ýyllygyň başynda dünýäniň adamzat jemgyýeti ylmy-tehnologiýa taýdan uly ösüşleriň eýesi hökmünde ylma-bilime çuň aralaşyp, daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatyň, ekologiýanyň, tutuş älemiň syrlaryny öwrenýär. Zerur halatynda ynsan aňynyň önümi bolan ylmy-tehnologiýanyň gazananlary esasynda tebigy hadysalaryň öňüni almaga çenli bolan mümkinçiliklerden peýdalanýar. Şeýlelikde, tebigata adam tarapyndan ýetirilýän täsirler artýar. Aslynda, islendik döwürde-de döredilýän her bir zadyň ilki bilen, tebigata hem-de adamzat jemgyýetine oňyn täsiri öwrenilip, diňe şondan soň durmuşa ornaşdyrmak baradaky maksatnamalar öňe sürlüpdir. Emma tebigaty boýunça adam öz bähbidini iň möhüm durmuş zerurlyklarynyň hatarynda goýýar, şonuň üçin hem adam tarapyndan tebigata kem-käsleýin ýetirilýän käbir täsirlere, olaryň getirip biljek has uly peýdasy göz öňünde tutulyp, kä halatlarda olara ownuk meseleler hökmünde garalýan wagtlary hem bolýar. Mysal üçin, zawod-fabriklerden çykýan tüsseleriň belli bir mukdarda howanyň hapalanmagyna ýa-da atmosferadaky kislorodyň düzümine amatsyz täsir etmegine garamazdan, käbir iri önümçilik desgalarynyň işini togtatmak mümkin däl. Çünki olarda öndürilýän senagat önümleri ilatyň gündelik durmuşy üçin zerur hasaplanylýar. Şoňa görä-de, häzirki döwürde dünýäniň köp döwletlerinde ýangyç-energetika, himiýa, gurluşyk senagatlaryna degişli bolan önümçili