Sanly tehnologiýa girdejini artdyrar

4 Ýanwar 2022
920

Ispaniýanyň Oba hojalygy, balykçylyk we azyk ministrliginiň habar bermegine görä, ýurduň maldarçylyk pudagy 2020-nji ýylda 20,2 milliard ýewro girdeji gazandy. Kataloniýa uniwersitetiniň hünärmenleriniň pikiriçe, emeli intellektiň we pudaga has ösen dolandyryş tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen bu girdejini has-da artdyryp bolar.

Munuň üçin emeli intellekti ulanmak, gözegçilik üçin akylly datçikler bilen bilelikde gaýtadan işlemek ýaly usullar ornaşdyrylar. Bu çäreler maldarçylyk hojalyklarynyň girdejisini ýokarlandyrar.

Maksatmyrat SAPAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.