Kanada dik fermalary gurmaga girişýär

4 Ýanwar 2022
926

Kanadanyň «GoodLeaf Farms» kompaniýasy Alberta sebitiniň Kalgari şäherinde täze ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin dik fermanyň gurluşygyna başlady. 74 müň inedördül metr meýdany bolan ferma daşyndan adaty ammara çalym edýär. Ol gidroponiki, aeroponiki şertlerde adaty fermadan 50 esse köp ösümligi ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.

«GoodLeaf Farms» diýlip atlandyrylýan ferma adaty ekinzarlyga garanda, suwy 95 göterim tygşytlap bilýändigi bilen tapawutlanýar. Bu ferma işe başlansoň, bu ýerde 70 adama iş orny dörär.

Altyn DURDYMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.