Daýhan baýaýar — döwlet baýaýar

26 Dekabr 2021
1076

«Şory döredýänem suw, eredýänem» diýen nakyldan görnüşi ýaly, ýer we suw serişdelerini tygşytly we oýlanyşykly ulanmagyň örän wajypdygy beýan edilýär. Şonuň üçin ýeri netijeli we suwy tygşytly peýdalanmak döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe suw hojalygy babatynda ýurdumyzda birnäçe iri gurluşyklar alnyp baryldy we häzirki wagtda hem dowam etdirilýär. Suw gorlaryny tygşytly peýdalanmak üçin birnäçe desgalar gurulýar, bar bolanlarynyň göwrümleri giňeldilýär.

Zamanamyzyň esasy suw gurluşyklarynyň biri hem «Altyn asyr» Türkmen kölüdir. Bu kölüň şorlaşan suwlary özüne toplamagy ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, topragyň şorlaşmagy, batgalygyň döremegi bilen bagly we beýleki köp sanly meseleleri çözmekde uly ähmiýete eýedir. Elbetde, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagy bilen ekinleriň hasyllylygy ýokarlanýar. Esasy bellemeli zat «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda daşky gurşawa aýawly garamak boýunça möhüm işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen köli diňe bir biziň ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyna täsir etmän, Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa ýagdaýyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Bu köl döwletimiziň ekologiýa meselesiniň esasy çözgüdidir.

Halymberdi HAJYÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.