Kofe tejribehanada öndüriler

4 Ýanwar 2022
1057

Finlýandiýanyň Tehniki gözleg merkeziniň alymlary bioreaktorlarda kofe döretmegiň täze tehnologiýasyny işläp düzmäge girişdiler. Täze önümçilik üçin çig mal kofe dänejikleri däl-de, biotejribehanada taýýarlanan, guradylan toz bolar.

Mundan beýläk, bu tozy kofeniň ornuna demläp, içip bolar. Ol kofeniň tagamyny we lezzetini berer.

Azat DURDYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.