Gijeki älemgoşar

4 Ýanwar 2022
1392

Gijelerine peýda bolýan älemgoşar «Aý älemgoşary» ýa-da «Gijeki älemgoşar» diýlip atlandyrylýar. Aý älemgoşary tebigatda seýrek duş gelýän ýagdaýdyr. Ol ýagtylyk, çyglylyk we ýagtylygyň burçy ýaly ýörite şöhleleriň bilelikde deň düşmeginiň netijesinde peýda bolýar. Aý älemgoşary garaňkyda köplenç ak reňkli ýagtylyk ýaly görünýär. Tutuş Ýer ýüzi boýunça bu ýagdaýyň sazlaşykly döreýän ýerleri gaty azdyr. Gijeki älemgoşaryň köp peýda bolýan ýerleriniň biri-de, ABŞ-nyň Kentukki ştatyndaky «Kamberlend-Folls» goraghanasydyr. Edil gündizine görünýän ýönekeý älemgoşar ýaly, gijeki älemgoşar hem ýagtylygyň suwuň millionlarça mikroskopiki damjalaryndan geçende döwülmesiniň netijesidir.

Suw bölejikleriniň we dolan Aýyň şöhlesiniň biri-birine garşy bolmagy netijesinde Aý älemgoşary emele gelýär. «Kamberlend-Folls» goraghanasynda Niagara şaglawugy ýerleşýär, onuň her sekuntda 100 metr kub suw gaýdýan ýerinde gijeki älemgoşaryň peýda bolýandygyny görmek bolýar. Goraghana şäherden uzakda ýerleşýär. Bu bolsa Aý älemgoşarynyň aýdyň emele gelmegine şert döredýär. Zambiýanyň çägindäki Wiktoriýa, Demirgazyk Amerikadaky Ýosemit şaglawuklarynyň töwereginde gijeki älemgoşar ýygy-ýygydan emele gelýär. Doly Aý emele gelenden 2 – 3 güne çenli günde gijesine Aý älemgoşaryny synlap bolýar. Şeýle älemgoşaryň has aýdyň keşbini dolan Aý emele gelende, Gün dogmanka we ýaşandan soň görmek mümkin.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Aziza FURKATŽANOWA.