Parahat durmuşdyr hemmäň geregi

26 Dekabr 2021
2212

Üç müňünji ýyllygyň başynda dünýäniň adamzat jemgyýeti ylmy-tehnologiýa taýdan uly ösüşleriň eýesi hökmünde ylma-bilime çuň aralaşyp, daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatyň, ekologiýanyň, tutuş älemiň syrlaryny öwrenýär. Zerur halatynda ynsan aňynyň önümi bolan ylmy-tehnologiýanyň gazananlary esasynda tebigy hadysalaryň öňüni almaga çenli bolan mümkinçiliklerden peýdalanýar. Şeýlelikde, tebigata adam tarapyndan ýetirilýän täsirler artýar. Aslynda, islendik döwürde-de döredilýän her bir zadyň ilki bilen, tebigata hem-de adamzat jemgyýetine oňyn täsiri öwrenilip, diňe şondan soň durmuşa ornaşdyrmak baradaky maksatnamalar öňe sürlüpdir.

Emma tebigaty boýunça adam öz bähbidini iň möhüm durmuş zerurlyklarynyň hatarynda goýýar, şonuň üçin hem adam tarapyndan tebigata kem-käsleýin ýetirilýän käbir täsirlere, olaryň getirip biljek has uly peýdasy göz öňünde tutulyp, kä halatlarda olara ownuk meseleler hökmünde garalýan wagtlary hem bolýar. Mysal üçin, zawod-fabriklerden çykýan tüsseleriň belli bir mukdarda howanyň hapalanmagyna ýa-da atmosferadaky kislorodyň düzümine amatsyz täsir etmegine garamazdan, käbir iri önümçilik desgalarynyň işini togtatmak mümkin däl. Çünki olarda öndürilýän senagat önümleri ilatyň gündelik durmuşy üçin zerur hasaplanylýar. Şoňa görä-de, häzirki döwürde dünýäniň köp döwletlerinde ýangyç-energetika, himiýa, gurluşyk senagatlaryna degişli bolan önümçilik kärhanalarynyň howanyň hapalanmagyna ýetirýän zyýanynyň öňüni almak ýa-da zawod-fabrik tüsselerini, şeýle hem plastik galyndylary gaýtadan işlemek ýaly möhüm işler alnyp barylýar.

Aýnabat ATAÝEWA,
«Bereketli toprak».