Büzmeýin kişmişi

11 Ýanwar 2022
1083

Üzümden taýýarlanýan kişmiş datlylygy bilen tapawutlanýar. Oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, alym Allamyrat Esenowyň «Babadaýhan mirasy» atly kitabynda kişmişiň ak kişmiş, bidäne, ak çybyk, gyzyl türkmen kişmişi, gara kişmiş, gyzyl çybyk, gyrmyzy kişmiş, al kişmiş, maýda kişmiş ýaly dürli görnüşleriniň bardygy bellenilýär.

Şolaryň biri hem sary reňkli Büzmeýin kişmişidir. Bu kişmiş Ahal sebitinde bitýän peýweri, sary üzüm, gara üzüm, gyzylsapak, dagtokga, Köpetdagyň ýabany üzümi ýaly dürli görnüşli üzümlerden taýýarlanylýar. Güne serlip, kakadylan Büzmeýin kişmişi aýratyn nygmat hökmünde türkmen desterhanynyň bezegidir. Ol çaýyň gapdaly bilen iýlende, dürli işdäaçarlara, süýjülikler we palaw ýaly tagamlara goşulanda, şeker ýaly lezzeti uzak wagtlap agzyňdan gitmeýär.

Maýa MEREDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň kafedra müdiri.