Wepalylygyň hem-de batyrlygyň keşbi

11 Ýanwar 2022
1080

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde türkmen alabaýyny wasp edýän milli nagyşlary ylmy taýdan öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen arheologiýa barlaglarynyň netijesinde taryhçylar türkmen alabaýynyň galdyran yzlaryny, şeýle hem onuň gadymy haly göllerindäki şekillerini ýüze çykardylar.

Şolaryň hatarynda Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynyň töweregindäki gadymy daş asyryna degişli bolan Pessejikdepe ýadygärliginiň diwar bezeginde ýüze çykarylan byçgynyň dişiniň şekilinde setir bolup gidýän öýjagazlary suratlandyrýan «It ýatak» göli bar.