Azyk bolçulygy pugtalandyrylýar

11 Ýanwar 2022
837

10-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda başlanan täze, 2022-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew hem-de welaýatlaryň häkimleri amala aşyrylan işler dogrusynda hasabat berdiler.

Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew dagy çykyş edip, sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa ideg edilişi, gowaçadan boşan ýerlerde ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.

«Bereketli toprak».