Gowurdak

11 Ýanwar 2022
1892

Pederlerimizden miras galan «Ýazyň ýuwundysy gyşa gatyk» diýen ýaly pähimli sözlerini başyna täç eýleýän türkmen zenanlary süýt we süýt önümlerinden peýnir, mesge, süzme, saryýag, agaran, çal, aýran ýaly azyk tagamlary taýýarlamagyň ussatlary hasaplansalar, zähmetsöýer çarwadarlarymyz et we et önümlerinden lezzetli tagamlaryň onlarçasyny bişirip bilipdirler. Çekdirme, şara, kebap, şor suw, börtme, dolama, çişlik diýen ýaly tagamlarymyz diňe sap etiň özünden taýýarlanyp, agyzlara maza beripdir. Diýseň datly, islendik pasylda janyňa lezzet berýän, gyssanan halatyňda taýyn naharyň hasaplanýan gowurdak etden bişirilýän nygmatlaryň naýbaşysydyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen çap edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda gowurdak barada şeýle jümleler bar: «...Kiçiräk böleklere bölünen et öz ýagynda gowrulypdyr. Soňra ol ýörite işlenip taýýarlanýan goýnuň garnyna, soňky döwürlerde bolsa içi syrçaly gaplara ýerleşdirilipdir. Yssy howa şertlerinde şeýle usulda taýýarlanan et örän uzak wagtlap saklansa-da, özüniň ýokumlylyk häsiýetini ýitirmändir. Islendik şertlerde çölde ýa-da dagda bolsun, tapawudy ýok, ýokumly etli nahar taýýarlamak üçin gowurmanyň birnäçe bölegi ýeterlikdir».

Ogulbeg JUMAÝEWA.