Daşky gurşawy goramagyň kanunçylyk binýadyna saldamly goşant

11 Ýanwar 2022
1680

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren taryhy duşuşygynda, şeýle hem 2020-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň Kanunlaryna täzeden seredip, olary döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny işlenilip taýýarlanyldy.

Ýurdumyzyň we Hazar deňziniň türkmen böleginiň çäklerinde tebigy, erkin ýagdaýda ýaşaýan aw haýwanlaryny köpeltmek, döwletiň aw baýlyklaryny goramak we rejeli peýdalanmak, şeýle-de ýurdumyzda seýrek duş gelýän, ýitip barýan ýa-da ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlary gorap saklamak, genofonduny dikeltmek hem-de durnukly peýdalanmak, aw awlamagyň berk düzgünlerini girizmek bilen, aw baýlyklaryny gorap saklamak babatda geçirilýän çäreleriň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan 2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda kabul edildi hem-de 2021-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde makullanyldy.

Batyr ORAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.