Saglygy goldaýjy, näsaglygyň öňüni alyjy

5 Dekabr 2021
710

Irki döwürlerden bäri halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýan üzärligiň dürli keselleriň öňüni almakda melhemlik häsiýeti uludyr. Onuň dermanlyk aýratynlyklary häzirki zaman ylmy tarapyndan hem doly ykrar edildi. Üzärligiň tüssesi adam saglygy üçin howply bakteriýalary ýok etmekde peýdalydyr.

Üzärligiň dermanlyk häsiýetleri baradaky maglumatlar Abu Aly Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň (Jürjanynyň) «Tebipçiligiň ýankitaby», Muhammet Hüseýniň «Melhemler hazynasy» atly eserlerinde hem beýan edilipdir. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda bellenilip geçilýär. Ösümligiň düzüminde adam bedenine peýdaly täsirini ýetirýän garamalol, garmin, peganin ýaly alkaloidler, kaliý, magniý, demir ýaly makroelementler, marganes, mis, alýuminiý, nikel ýaly mikroelementler bar. Bu ösümlik nerw ulgamynyň, deri örtüginiň kesellerinde, bogunlardaky guragyryda, dürli ýokanç kesellerinde, soguljanlaryň garşysyna göreşmekde peýdalydyr.

Amangeldi HOMMAKOW,
Baýramaly etrap hassahanasynyň bölüm müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.