Ot-iýmlik gory döredildi

28 Noýabr 2021
1109

Maldarlar üçin gyş pasly jogapkärli möwsümleriň biri hasaplanylýar. Muňa Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň işjanly maldarlary diýseň oňat dü-şünýärler. Olar şu günler gyş möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, mallaryň baş sanyny artdyrmak, gyşladyljak ýerlerinde agyllaryň 49-synda, kaşarlaryň 9-synda, sygyr ýataklarynyň 68-sinde we düýe agyllarynyň 7-sinde abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirdiler. Bu işde etrabyň Magtymguly, Şaja Batyrow adyndaky, «Ýeňiş», «Mürçe» daýhan birleşikleriniň işjanly maldarlary has hem görelde alarlykdyr. Olar «Näz depe», «Sabyr», «Garry kak», «Meňen», «Goşa-kak», «Alagol» öri meýdanlarynda mallary bakmak bilen, mallaryň baş sanyny artdyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Şonuň üçin hem zähmetsöýer maldarlar jemgyýetçilik mallaryna eýeçilik gözi bilen garaýarlar.

«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýen pähimden ugur alýan maldarlar, çopan-çoluklar bu jogapkärli möwsümiň gyş aladalaryny irgözinden edýärler. Zerur bolan ätiýaçlyk ot-iýmleri mallaryň gyşladyljak ýerlerine eltdiler. Munuň özi işjanly maldarlaryň işlerini ep-esli ýeňilleşdirdi. Möwsümiň dowamynda çopan goşlaryna daýhan birleşikleri tarapyndan ýardamçy kömekçileriň berilmegi ýagynly, ýagmyrly günlerde çopanlaryň işlerine uly kömek bolar.

Muhammetgeldi ANNAÝEW,
TAP-nyň Bäherden etrap komitetiniň başlygy.