Köki barlaýan enjam

5 Dekabr 2021
1122

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ernest Lawrens adyndaky milli barlaghanasynyň alymlary ekinleriň köklerini olaryň süňňüne zyýan bermezden, barlaýan enjamy döretdiler. Enjam tomografiki elektrik skaner arkaly işleýär.

«Kökleri zaýalaman, olary barlap boljakdygyny göz öňüne getiriň! Bu üstünlik mundan beýläk kökler barada aýratyn ylmyň döremegine we onuň pajarlap ösmegine ýardam eder. Şol bir wagtyň özünde bu barlaglar ösümlikleri dürli kesellerden wagtynda goramaga mümkinçilik berer» diýip, enjamy esaslandyryjylar aýdýar.

Ýagşymyrat ARAZNAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.