Narly obanyň bagbany

28 Noýabr 2021
1296

Türkmen topragy — hazynaly hum. Diýarymyzyň güneşe baý howasy, kesewini dürtseň gögerdýän sahy topragy, damjasy altyna deňelýän melhem suwy bar. Şu aýdylanlary utgaşdyryp, topraga bereket tohumyny sepip, zähmet derini siňdirip, dürli ekinleriň, gök-bakja we miwe önümleriniň bol hasylyny ýetişdirýän kärendeçi daýhanlar hem sanardan köp.

Ynha, şeýle tejribeli bagbanlaryň biri-de, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Ak goňur geňeşliginiň bagbany Çörnazar Ataýewdir. Bize Çörnazar aganyň iş wagtynda armasyny ýetirip, tejribe alyşmak maksady bilen, söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Ýetmişiň onundan giren baýry bagbanyň ýyllarboýy zähmet siňdirip ýetişdiren baglaryna nazaryň düşende gözüň dokunýar. Çörnazar aganyň baglarynyň agramly bölegi nar agaçlary bolup durýar. Miwesini göterip bilmän oturan nar agaçlaryna ýörite söýget edilipdir. Bu behişdi miwäniň bol hasylynyň ýetişdirilişi, agrotehniki hyzmatlary dogrusynda Çörnazar aga öz çekýän zähmetinden lezzet alyp, giňişleýin gürrüň berdi. Ol:

Gaýgysyz MAGTYMOW,
TAP-nyň Mary şäher komitetiniň esasy hünärmeni.