Saglygymyzy goralyň!

19 Dekabr 2021
795

Howanyň üýtgemegi, yssy we sowuk howanyň aram-aram çalşyp durmagy ynsan saglygyna täsir etmek bilen, näsaglygyň ýüze çykmagyna we adam bedeninde saklanyp galan keselleriň gaýtadan işjeňleşmegine täsirini ýetirýär.

Esasan-da, olar adama çalt ýokuşýandygy bilen tapawutlanýar. Näsagyň üsgürip, asgyrmagy netijesinde kesel dörediji mikroblar sagdyn adamyň dem alyş ýollaryna düşýär. Şonuň üçin özünde keseliň alamatlaryny, birahatlyk duýan her bir näsag, ilkinji nobatda, lukmana ýüz tutup, onuň görkezmeleri esasynda bejergi almalydyr.

Ýazmuhammet ORAZBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.