Ekerançylyk meýdanlary uçup biler

5 Dekabr 2021
1088

Dünýä belli «Makheileh» dizaýn studiýasy (ABŞ) ekerançylygyň häzirlikçe täsin bolan geljekki nusgasynyň ― uçýan ekerançylyk meýdanlarynyň taslamasyny görkezdi. «Uçýan meýdanlar» ylmy taýdan işlenen we delillendirilen taslamadyr. Olar daşky gurşawy hapalamak, azyk önümlerini uzak aralyklara daşamak we ekerançylyk üçin amatly ýerleriň ýokdugy ýaly meseleleri netijeli çözüp biler.

«Aeroponic 2100» diýlip atlandyrylýan taslamany şäherlerde hem gurnap bolar. Umuman, olaryň tutýan meýdanyny ulaltmak ýa kiçeltmek adamlaryň öz elinde bolar.

Ahmet GARABABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.