Türkmen oba hojalyk instituty: ylym, yhlas, ynam — bereketli hasyl

21 Noýabr 2021
955

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 3-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzda güýzlük bugdaýyň, ýeralmanyň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň öndürilişini artdyrmak, ekin meýdanlaryny giňeltmek barada birnäçe tabşyryklary we görkezmeleri berdi. Şondan ugur alnyp, Türkmen oba hojalyk institutynda gök ekinleriň ösdürilip ýetişdiriliş aýratynlyklary barada ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Biz hem gazetimiziň şu sanynda ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýerleşýän ýokary bilim ojagynyň mugallymlarynyň gök-bakja ekinleriniň käbiriniň ösdürilip ýetişdirilişi barada taýýarlan ylmy makalalaryny size ýetirmegi makul bildik.

Badamjan

Aýnabat ATAÝEWA,
mugallym.