Demri köpeltmek üçin

21 Noýabr 2021
919

Amerikaly alymlar düzüminde demir ýetmezçilik edýän ösümliklere ýagtylygyň edýän täsirini öwrendiler. Çünki demir ösümlik üçin örän zerurdyr. Onuň bolmazlygy ýa az bolmagy fotosintez hadysasyny juda çäklendirýär. Bu bolsa hasyla hem ýaramaz täsirini ýetirýär.

Amerikaly professor Meri Lu Gerinonyň aýtmagyna görä, mundan beýläk düzüminde demir az bolan ösümliklere hem ýörite maddany berip bolar. Munuň üçin «fotoulgam II» diýlip atlandyrylýan beloklaryň toplumy zerurdyr. Şol beloklaryň ösümligiň düzümine garylmagy bilen, ondaky demriň mukdary ozalkysyndan 90 göterim artar.

Aýna HOJAMOWA,
«Türkmendemirýollary» AGPJ-niň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň hünärmeni.