Süýji burç

21 Noýabr 2021
1072

Ýokumlylygy we tagamy boýunça köpleriň söýgüsini gazanan bolgar burçunyň ýa-da süýji burçuň watany Meksika we Gwatemala hasap edilýär. Süýji burç birýyllyk ösümlik bolup, baldaklary ilki ýumşak bolýar, soňra gatap, agaçjymak häsiýete eýe bolýar. Ekilenden soň, miwe düwünçeginiň emele gelmegi üçin 50 – 60 gün gerek bolýar.

Süýji burç Ýewropa ýurtlarynda XVI asyryň aýaklarynda köpçülikleýin ösdürilip başlanylýar. Burçuň miwelerinde köp mukdarda witaminler saklanylýar. Ol öz düzüminde 5 – 12 göterim gury maddalary, şol sanda 2 – 3 göterim şeker toplaýar. Ajy burçda 9 – 10 göterim gury maddalar bolup, 5 – 7 göterim şeker ýygnanýar.

Aýnabat KERIMOWA,
mugallym.