Dünýäniň iň iri we öňdebaryjy agrokompaniýasy

28 Noýabr 2021
1016

Dünýäniň iň öňdebaryjy iri agrokompaniýalarynyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde mynasyp paýy bar. Häzirki wagtda dünýäde meşhurlyk gazanan oba hojalyk şereketleriniň — kompaniýalarynyň arasynda iň öňdäki orun Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere» kompaniýasyna degişlidir.

Bu kompaniýa ony 1837-nji ýylda esaslandyran demirçi ussa — polat azaly oýlap tapyjy Jon Diriň adyny abraý bilen göterýär hem-de uly sanawy öz içine alýan ýönekeýje oba hojalyk enjamlaryndan, gurallaryndan başlap, fermerlerdir daýhanlara uzak möhletläp hyzmat edýän kämil oba hojalyk tehnikalaryny öndürýär. Bu traktorlaryň önümçiliginde zähmetiň hiline we kabinada traktorçy üçin amatly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem dünýäde, şol sanda, biziň ýurdumyzda bu kompaniýanyň ýokary hilli we kuwwatly tehnikalaryndan giň gerim bilen peýdalanýarlar.

Şasenem HEKIMOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.